
GS1 halkara haryt iberilýän hatarlarynyň (önümçilikden başlap, bölek satuw tapgyryna çenli), saglygy goraýyş ulgamlarynyň we beýleki pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrýan standartlary işläp düzýär. Bu iş çyzykly belgilerde we RFID (radioýygylykly anyklaýyş) belliklerde saklanylýan ýeke-täk belgileriň kömegi we önüm baradaky maglumatlary başarnykly dolandyrmak arkaly amala aşyrylýar.
GS1 ulgamy işewürçilik üçin harytlar, hyzmatlar, ýerleşýän ýerler, emläkler we resminamalar baradaky wajyp maglumatlary ýeke-täk anyklamak (belgilemek), doly açyklamak (okamak) we awtomatiki ýagdaýda paýlaşmak mümkinçiliklerini emele getirýän umumy binýady döredýär.
Biz siziň kärhanaňyz üçin söwda hyzmatdaşlaryňyz bilen maglumatlary alyşanyňyzda aýdyňlygy we ygtybarlylygy üpjün edýäris. Şeýlelikde, siziň işiňiziň we hyzmatlaryňyzyň netijeliligini, çaltlygyny we howpsuzlygyny ýokarlandyrmak arkaly bäsleşige ukyplylygyňyzy artdyrmaga ýardam berýäris.
GS1 standartlary biziň ýaşaýyş we işleýiş usullarymyzy kämilleşdirmäge ýardam berýär.

Global önüm öndürjileriň katalogy
GS1 agzalaryny internet hyzmaty arkaly önümler we öndürijiler barada maglumat ulgamy.
GEPIR barada
Global Ýerleşme Nomeri
Iberilýän hatarlaryň aýdyňlygyny we talaplaryň netijeligini ýokarlanmagynyň açary.
GLN barada
Size çyzykly şertli belgi gerekmi?
Agza boluň we çyzykly şertli belgiňizi şu gün ulanmaga başlaň!
Agzalyk baradaGurallar
-
Barlag sanyny hasaplaýjy
Çyzykly belgidäki barlag sanyny hasaplap çykarma. -
Şu çyzykly belginiň eýesi kim?
GS1 çyzykly belgileriniň eýesi barada maglumat.