Gender meselesi – Horwatiýada geçirilen GS1 forumyň temasy.

Iýun aýynyň 14-17-si aralygynda Türkmenistanyň çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň başlygy A.Mälikgulyýewa zenanlaryň liderlik häsiýetleriniň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, GS1 Halkara guramasy tarapynda ilkinji gezek guralan foruma gatnaşdy.

Bu tema bagyşlanan tälimçilik okuwlary we seminarlary GS1 Milli guramanyň binýadynda Dubrownikde (Horwatiýa Respublikasy) geçirilip, on üç ýurduň ýolbaşçy-zenanlaryny birleşdirdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar GS1 Müdirler maslahatynyň mejlisi we GS1 agzalarynyň işi baradaky maglumatlary diňlediler, bu halkara guramasynyň işiniň üýtgeşmeleri we täze taslamalary bilen tanyşdylar.

Forumyň çäginde ýolbaşçy-zenanlar gymmatly maglumatlary aldylar, halypaçylygy we ofislerde dürli ýaşdaky adamlar bilen iş salyşmaklygy hem-de zenan guramalary bilen hyzmatdaşlygy guramak, liderlik häsiýetlerini ösdürmek boýunça tälimçilik okuwlaryny geçdiler.