«Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň» başlygy türkmen-awstriýa biznes-forumynyň işine gatnaşdy

Sentýabr aýynyň 4-6 aralygynda «Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň»  başlygy Aýkamar Mälikgulyýewa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekiliýetiniň düzüminde Wena şäherinde iş sapary bilen bolup,  «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly Maýa goýum – hyzmatdaşlyk forumynyň işine gatnaşdy.

Duşuşygyň tanyşdyrylyş bölüminde A. Mälikgulyýewa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we «GS1 Türkmenistanyň» bu ugurda alyp barýan işi barada giňişleýin maglumat berýän «Hiliň infrastrukturasy we laýyklyga baha bermegiň ugrundaky hyzmatdaşlyk» atly doklady bilen çykyş etdi, şeýle hem, Ýewropa ýurtlarynyň hyzmatdaşlary bilen Türkmenistanda tehniki ulgamynyň kadalaşdyrylyşynyň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly bilelikdäki işi alyp barmak üçin zerur bolan ugurlary kesgitlendi.

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda türkmen önümleriniň we kompaniýalarynyň halkara ykrar edilen (akkreditiwlenen) sertifikatlaşdyrylmagyna degişli meselelerinde ylalaşykly hereket etmegi agzalyp geçildi. Dokladda laýyklyga baha bermegiň we akkreditasiýa işi bilen meşgul bolan Ýewropa ýurtlary we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygy öz beýanyny tapdy. 

«Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň»  başlygynyň belleýşi ýaly, «Türkmenistanda biziň amala aşyrýan işimiz, gürrüň azyk önümleriniň hili we howpsuzlygy, kärhananyň dolandyryş ulgamy ýa-da barlaghanalaryň (laboratoriýalaryň) synaglarynyň netijeleri dogrusynda gidýärmi siz bilen bir tehniki dilde gepleşigi alyp barmagyna gönükdirilen. Şol bir standartlara laýyklyk we şunlukda olaryň üsti bilen biri-biriňe has gowy düşünmek – ynanja we söwdanyň hem-de maýa goýumlaryň ösüşine ýetmegiň iň ygtybarly ýoludyr».

Şeýle-de, forumyň çäklerinde A. Mälikgulyýewa tematiki «tegelek stoluň» işine gatnaşdy.