EIMA International – 2018: Işewürlik hyzmatdaşlygyň Ýewropa ugrundaky ösüşi üçin mümkinçilikleri

Noýabr aýynyň 7-11-i aralygynda Italiýanyň Boloniýa şäherinde oba-hojalygy we bagçylyk üçin niýetlenen enjamlaryň halkara sergisi (EIMA International - 2018) geçirildi. Foruma gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň başlygy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dolandyryjy agzasy Aýkamar Mälikgulyýewa we TSTB-niň AST (agrosenagat toplumy) we oba-hojalyk bölüminiň başlygy Şamyrat Herremow çagyryldylar.

Halkara sergi meýdançasy gatnaşyjylar tarapyndan döwrebap enjamlary we agrosenagat toplumyndaky öňdebaryjy tilsimatlary bilen tanyşmak we işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak, potensial hyzmatdaşlary türkmen işewür jemgyýetiniň işi bilen tanyşdyrmak hem-de ýurdumyzyň telekeçileriniň maýa goýum taslamalaryna ünsi çekmek üçin işjeň ulanyldy.

Däp bolşy ýaly, sergide enjamlaryň howpsuzlygyna we öndürijiliginiň ýokarlanmagyna, oba-hojalyk önümleriniň ekologiki taýdan howpsuzlygyna niýetlenen oba-hojalygy we bagçylyk ulgamynda uly möçberlerdäki innowasion tehnologiýalaryň işläp taýýarlamalary görkezildi.

Mundan başga-da, toplumlaýyn gözden geçirişiň çäginde degişli maslahatlar we okuw seminarlary geçirildi.

EIMA International iň uly Ýewropa oba-hojalyk sergileriniň biri bolmak bilen iki ýyldan bir gezek geçirilýär. Häzirki sergi meýdançasynyň tutýan meýdany 140 000 kw.m-e barabardyr. Sergä gatnaşyjylaryň sany iki müň adam bolup, olaryň 600-si dünýäniň 49 ýurdundan.