Brýuselde GS1 2019 Global forumy geçirildi

Fewral aýynyň 18-22-si aralygynda Belgiýanyň paýtagtynda rekord sanly gatnaşyjylaryň - 99 döwletden 900-dan gowrak wekilleriň gatnaşmaklarynda GS1 Halkara birleşmesiniň nobatdaky Global forumy geçirildi. 2019 Global Foruma   GS1 bileleşiginiň täze 295 wekiliýetiň gatnaşmagy bu halkara guramasynyň abraýynyň artýandygyny görkezýär.

Halkara guramalarynyň ýolbaşçylary bilen bir hatarda Foruma GS1 Türkmenistanyň başlygy Aýkamar Mälikgulyýewa hem gatnaşdy.

Bu çäräniň uly göwrümli maksatnamasy 65 plenar ýygnaklary we Global ofisiň bölümleriniň hem-de GS1 halkara guramasynyň wekilleri bilen duşuşyklary, işçi toparlaryň ýygnaklaryny we okuw seminarlary, şeýle-de onlarça eksponentleri, şol sanda üç sebitleýin stendi jemleýän däp bolan Market Place sergisini öz içine aldy.

2019 Global Forumyň üns merkezinde GS1 Halkara birleşmesiniň global işewür-bileleşigindäki ähmiýetini saklamaklyga we güýçlendirmeklige gönükdirilen esasy taslamalary amala aşyrmak bilen bagly meseleler durdy. Plenar ýygnaklarda wajyp meseleleriň hatarynda global sanly anyklaýyş we uly netijeleri bolan ösüşler şertlerinde GS1 standartlaryny ulanmak, tanadyş standartlary üçin reýestrleri işläp taýýarlamak, GS1 standartlaryny CPG, Fresh Foods we Foodserviсе ornaşdyrylmagyny tizleşdirmek, GS1-iň tehniki ugurlarda, şeýle hem gurluşyk, ulag we logistikadaky ösüşleri, GS1 Registry Platform (öň GS1 Cloud) standartlaryny täzelemek we ş.m. boýunça pikir alşyldy.

Wekiller GS1 Halkara guramasynyň prezidenti we baş direktory Migel Loperiň GS1-iň 2018-nji ýylda amala aşyran işleriniň netijeleri baradaky çykyşyny diňlediler.

McKinsey & Company, Amerisource Bergen Corp, Carrefour, Origin Trail, METRO Croup, Walmart Stores, Inc., Johnson & Johnson we ş.m. iri halkara kompaniýalarynyň-GS1 ulgamyny ulanyjylaryň wekilleri hem habarlar bilen çykyş etdiler.

Foruma gatnaşyjylar 2018-2019-njy ýyllarda amala aşyrylan GS1-iň öňdebaryjy taslamalar toparyny, şol sanda maglumatlar bilen işlemek (GDSN, GS1 Registry Platform), täze hyzmatlar (ýuridiki şahslaryň Global tanadyşy (LEI), emläkleriň ýeke-täk tanadyşy (URI), GS1 Activate), täze standartlar (GS1 UniqueID, yzarlamagyň Global standartynyň ikinji nusgasy) ugurlary boýunça taslamalary goldaýandyklaryny beýan etdiler.

GS1 Demirgazyk Amerika, Ýewropa, Aziýa-Ýuwaşokean sebiti, Latyn Amerika we Ýakyn Gündogar sebiti hem-de Ortaýerdeňiz sebitleýin bileleşikleriniň ýygnaklary geçirildi.

Çäräniň çäginde GS1-iň esasy ýörelgelerini ösdürmekde we berkitmekde aýratyn ähmiýetli şahsy goşantlary üçin her ýylky baýrak gowşurma dabarasy geçirildi.