Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy döredilmeginiň bäş ýyllygyny belläp geçdi

27-nji martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň bäş ýylda amala aşyran işleriniň jemine bagyşlanan umumy ýygnak geçirildi. Onuň işine TÇŞBMG-nyň agzalary - ministrlikleriň we wedomstwalaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, döwlet we hususy kärhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýygnagyň gün tertibinde TÇŞBMG-nyň başlygynyň we barlag toparynyň amala aşyrylan işler, müdiriýetiň düzümindäki üýtgeşmeler baradaky hasabatlary diňlenildi, guramaçylyk meselelerine garaldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlendi. TÇŞBMG-nyň agzalaryny guramanyň döredilmeginiň bäş ýyllyk senesi bilen gutlap, halkara söwda hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde, türkmen önüm öndürijileriniň eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmeginde, täze tilsimatlaryň girizilmeginde guramanyň işiniň ähmiýetini nygtady.

Bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary we TSTB-niň ýardamy bilen döredilen Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy import harytlaryň ýerini tutmak we dünýä standartlaryna laýyk gelýän eksport harytlaryň önümçiligini giňeltmek boýunça döwletiň işewür bileleşikleriniň öňünde goýlan meseleleri çözmekde uly goşant goşýar. Bu günki gün TÇŞBMG-sy 2019-2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmek Konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge işjeň girişdi.

TÇŞBMG-nyň başlygynyň çykyşynda özüniň ýolbaşçylyk edýän guramasy tarapyndan bäş ýylda amala aşyrylan uly göwrümli işler barada anyk mysallar getirildi.

“GS1 Türkmenistanyň” harytlaryň we hyzmatlaryň awtomatlaşdyrylan anyklaýyş halkara standartlaryny we tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmakda ýeten sepgitleri, şeýle hem sanly ykdysadyýet konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça meýilnamalary aýratyn nygtalyp geçildi.