“GS1 Türkmenistanyň” başlygy halkara pudaklaýyn foruma gatnaşdy

13-14-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan guralan iki günlük “Söwda we hyzmatlar – 2019” sergi-ýarmarkasy we halkara maslahaty geçirildi.

Maslahatyň işine ýurdumyzyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we wedomstwalarynyň, halkara guramalaryň, Ýewropanyň ösüş we täzeleniş bankynyň, Türkiýänyň daşary ykdysady aragatnaşyklar Komitetiniň Türk-Türkmen işewürlik bileleşiginiň, “Gazprombank Lizing” paýdarlar jemgyýetiniň, “Rysgal” PTB-nyň, şeýle hem türkmen telekeçiligi bilen aragatnaşyklaryň ýola goýulmagynda we giňeldilmeginde bähbidi bolan daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň, “GS1 Türkmenistanyň” başlygy Aýkamar Mälikgulyýewa hem çykyş etdi.

Ýygnananlar söwda ulgamyndaky öňdebaryjy tejribeler, söwda hyzmatlaryny guramakda häzirkizaman tejribeleri, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini, bank we birža hyzmatlaryny, elektron hyzmatlary ösdürmek we ş.m. barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň başlygynyň çykyşy ýerli söwda pudaklaryny ösdürmekde häzirkizaman tehnologiýalaryndan we halkara tejribelerinden peýdalanmaklyga bagyşlandy. Hususan-da, A.Mälikgulyýewa türkmen önüm öndürijileriniň harytlarynyň awtomatlaşdyrylan anyklaýşy, halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşi bilen gönüden-göni bagly wajyp döwlet meselelerini çözmekde GS1 halkara standartlaryny we  sanly tehnologiýalary ulanmak ugrunda ýetilen sepgitler barada habar berdi.