“GS1 Türkmenistanyň” başlygy GS1 – 2019 Baş Assambleýasynyň işine gatnaşdy

2019-njy ýylyň maý aýynyň 20-23-i aralygynda GS1 Halkara guramasy Stambul şäherinde (Türkiýe) Baş Assambleýasyny geçirdi.

GS1 Global ofisiniň esasy bölümçeleriniň wekillerini, 80-den gowrak milli guramalary – GS1 bileleşiginiň agzalaryny, öňdebaryjy halkara kompaniýalarynyň we täjirçilik toparlarynyň ýolbaşçylaryny – GS1 ulgamyny ulanyjylary Çyragan Köşgünde ýygnamagy GS1-iň bu ýyldaky iň wajyp wakasy boldy. Global forumyň gatnaşyjylarynyň arasynda “GS1 Türkmenistanyň” başlygy Aýkamar Mälikgulyýewa hem boldy.

Baş Assambleýanyň işiniň çäginde guramanyň geçen ýylda amala aşyran işleriniň jemi jemlendi we onuň geljekki ösüşiniň strategiýasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, foruma gatnaşyjylaryň garamagyna “Maglumatlar hyzmatynyň global strategiýasy”, “GS1 yzarlamasynyň strategiýasy”, “Maglumatlaryň global modeli”, “Reýestriň platformasyna teklipler” we “GS1 reýestriniň platformasy barada içki düzgünler”, “GS1 açarlaryny üçünji şahslara ygtyýarnamalaşdyrmak boýunça syýasat” we ş.m. meseleler goýuldy.

Foruma gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň üstünliklerini bellediler we 2019-2020-nji ýyllar üçin Biznes meýilnamany kesgitlediler.

Assambleýanyň işiniň çäginde guramanyň täze agzalarynyň – Mýanma we Kamerun döwletleriniň kabul edişligi guraldy, şeýle hem birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.

GS1 Baş Assambleýasynyň geçirilmegi GS1 Bileleşik ulgamyny döretmekde möhüm waka bolup durýar we bu çäre her ýyl GS1-iň agzasy bolan bir guramada geçirilýär. Häzirki wagtda dünýä boýunça ýüzden gowrak GS1 milli guramalary hasaba alyndy, 1 milliondan gowrak kompaniýalar üçin standartlar işläp taýýarlanýar. Dürli ýurtlaryň onlarça ykdysady pudaklary GS1 standartlaryny ulanýarlar. Günde dünýäde çyzykly şertli belgileriň milliardy skanirlenýär.