“GS1 Türkmenistanyň” hünärmenleri IT-tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň halkara tejribeleri bilen tanyşýar

           Iýul aýynyň soňky ongünlüginde Aşgabat şäherinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Imdat Elektronika” HJ-niň we onuň türkiýeli hyzmatdaşy – “Telekom Telekommunikasion” kompaniýasynyň guramaklarynda TSTB-niň gatnaşmagynda Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýet Konsepsiýasyny ornaşdyrmak boýunça sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk meseleleri boýunça bäş günlük okuw seminary geçirildi.

Bu çärä döwlet we hususy düzümleriň wekilleri bilen bir hatarda “GS1 Türkmenistanyň” işgärleri hem gatnaşdylar.

Okuw seminaryny halkara eksporty doktor Mustafa Afýonluoglu geçirdi. Ol ýygnananlary maglumatlar jemgyýeti, elektron dolandyrylyşy konsepsiýalary bilen tanyşdyrdy, Türkiýede we dünýäniň beýleki döwletlerinde IT-tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylan işlere baha berdi.

Diňleýjiler dürli ugurlarda ulanylýan sanly hyzmatlaryň mümkinçilikleri we sanly ykdysadyýetiň enjamlary barada maglumat aldylar, peýdaly tejribeler, şeýle hem olary ornaşdyrmakda gabat gelnen kynçylyklar bilen tanyşdylar. Seminaryň dowamynda kiberhowpsuzlygy üpjün etmek tejribesine aýratyn üns berildi.

Sanly segment “GS1 Türkmenistanyň” döwlet işiniň dürli ugurlarynyň täze ösüşlerine itergi berýän halkara standartlary milli tejribä ornaşdyrmak işiniň esasy bölegini tutýar.