“GS1 Türkmenistanyň” başlygy Hazarýaka döwletleriň işewür toparlarynyň duşuşygyna gatnaşar

Awgust aýynyň 11-12-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumy (HYF) geçiriler. Onuň çäklerinde Hakara mejlis, Halkara Hazar innowasion tehnologiýalar sergisi we “Türkmen sährasy – 2019” atly halkara awtosergisi, işewür toparlaryň duşuşygy guralar.

Hazarýaka döwletleriň we beýleki bähbidi bolan döwletleriň işewürlik-bileleşiginiň duşuşygyna “GS1 Türkmenistanyň” başlygy A.Mälikgulyýewanyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Duşuşygyň maksatnamasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny, özara bähbitli senagat, energetika, syýahatçylyk we beýleki pudaklarda inwestisiýa ukyplaryny ösdürmek meseleleri boýunça tematik sessiýalaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň daşary ýurtlaryň işewürlik-bileleşiginiň wekiliýeti bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary meýilleşdirilýär. Olaryň netijesinde täze şertnamalaryň, ylalaşyklaryň gol çekilmegine garaşylýar. Hususan-da, Foruma Hazarýaka döwletleriň Işewürlik geňeşini döretmek boýunça özara düşünişmeklik baradaky Memorandumyň taslamasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Hazarýaka döwletleriň özara gatnaşyklarynyň täze taryhynda strategiýa häsiýetli başlangyç waka boljak birinji Hazar ykdysady forumy Hazar sebitinde we onuň çäkleriniň daşynda giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berer.    

HYF-a gatnaşmaga hökümet ýolbaşçylary we agzalary, deňizýaka sebitleriniň we sebitleýin ýerine ýetiriji edaralarynyň ýolbaşçylary, bank sektorynyň we işewürlik toparlarynyň wekilleri, Hazar deňzinde ykdysady işi amala aşyrýan kompaniýalaryň wekilleri, alymlar çagyryldy. Çagyrylan bähbidi bolan beýleki tarapyň wekiliýeti, ilkinji nobatda Hazar sebitine golaý döwletleriň wekilleri, şeýle hem halkara ykdysady we maliýe guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş edaralarynyň wekilleri çagyryldylar.