“GS1 Türkmenistanyň” başlygy döwlet wekiliýetiniň düzüminde Beýik Britaniýada boldy

Sentýabr aýynyň 30-dan oktýabr aýynyň 3-i aralygynda obahojalyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we tejribe alyşmak maksatlary bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň we Ahal welaýatynyň administrasiýasynyň başlygynyň ýolbaşçylygynda Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň birleşen korollygyna tanyşdyrylyş wekiliýeti iberildi.

Wekiliýetiň düzümine pudaklaýyn ministrlikleriň we obahojalyk toplumlarynyň wedomstwalarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hünärmenleri we wekilleri girdiler. Tanyşdyrylyş saparyna TSTB-niň müdiriýetiniň agzasy hökmünde “GS1 Türkmenistanyň” başlygy Aýkamar Mälikgulyýewa gatnaşdy.

Dostlukly ýurda saparyň çäginde türkmen wekiliýeti birnäçe duşuşyklary geçirdi, şeýle hem obahojalyk senagaty toplumlarynyň iri kärhanalarynda boldy.