GS1 Ýewropa forumy Milanda geçiriler.

Oktýabr aýynyň 14-17-i aralygynda Milanda (Italiýa) GS1-iň Ýewropa bölüminiň sebitleýin forumy geçiriler. Guramanyň agzalary nobatdaky we geljekki taslamalary ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem Ýewropa sebitine degişli täzelikleri we tejribeleri alyşmak üçin ýygnanarlar.

“GS1 Türkmenistana” guramanyň başlygy Aýkamar Mälikgulyýewa wekilçilik eder.

Wekiliýet GS1-iň geçen ýylda amala aşyran işleriniň netijeleri baradaky hasabatyny diňlär. Onda däp bolşy ýaly, milli guramalaryň işine garaşsyz toparyň maglumatlaryna esaslanyp düzülen baha berler.

Forumyň barşynda çäreleriň birnäçesi, şol sanda wajyp temalar barada seminarlar geçiriler. Belli bolan ugurlar: Workshop - hassahanalar üçin GS1 standartlary,  Workshop – Marketing we ş.m. bilen bir hatarda “Tehniki pudaklar bilen işlemek” temasynda seminar meýilleşdirilen. Bu GS1 üçin bütin dünýäde ägirt uly güýje eýe bolan GS1-iň dünýäde ösýän täze sektoryň tanyşdyrylyşydyr.

Okuw seminary GS1 standartlarynyň kontrafaksiýa we howpsuzlyk, bahalara täsirleriň ýokarlanmagy, sektoryň içindäki we özara baglanyşygyň bolmazlygy, ylalaşylan maglumatlaryň bolmazlygy we sanly fabrige geçmeke ýüze çykýan kynçylyklar we beýleki meseleleriň çözüşine ünsi jemlär.