«GS1 Türkmenistan»-nyň başlygy türkmen-italýan işewürlik-forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna bolan saparyna gabat getirilip, 6-njy noýabrda Milanda «Rosa Grand» myhmanhanasynda türkmen-italýan işewürlik-forumy geçirildi. 

Türkmen işewürler toparynyň wekiliýetiniň düzüminde «GS1 Türkmenistanyň» başlygy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň agzasy Aýkamar Mälikgulyýewa Foruma gatnaşdy.

Geçirilen gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy ugurlary anyklandy, onuň geljekki ösüşiniň ýörelgeleri kesgitlendi, himiýa pudagynda, energetika, gurluşyk, ulag we logistika, azyk senagaty, AST we beýleki ugurlarda innowasiýa önümçiligi ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki maksatnamalary işläp taýýarlamak barada teklipler diňlenildi.  

Türkmen işewürler toparynyň italýan hyzmatdaşlary bilen şowly geçen duşuşygynyň netijesinde birnäçe resminamalara, şol sanda import harytlarynyň ýerini tutujy önümçilik üçin enjamlary we tehniki toplumlary üpjün etmek barada şertnamalara, oba hojalyk enjamlarynda hyzmat etmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyklara, azyk önümçiligini, söwda, syýahatçylyk we beýleki ugurlary ösdürmek boýunça memoranduma we şertnamalara gol çekildi.   

«GS1 Türkmenistanyň» başlygy işewürlik-forumynyň çäklerinde ýewropaly kärdeşlerimiz bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjek birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Işewürlik toparynyň Forumy iki tarapyň daşary syýasy wedomstwalarynyň ýardam bermeklerinde Italiýa Respublikasynyň Söwda ministrliginiň söwda boýunça Agentligi, Söwda-senagat edarasy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan bilelikde guraldy.