Polýaklaryň Gdansk şäherinde GS1-iň ýolbaşçylary duşuşarlar.

Dekabr aýynyň 11-12-de Gdansk şäherindäki (Polşa) “Puro Hotel” myhmanhanasynyň mejlisler otagynda GS1 milli guramalarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçiriler.

“GS1 Türkmenistana” onuň başlygy – Aýkamar Mälikgulyýewa wekilçilik eder.

Duşuşygyň barşynda GS1-iň işiniň global ugurlaryndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.