Aşgabatda "Rossotrudniçestwonyň" baştutany bilim taslamalary bilen tanyşdyrdy.

26-njy noýabrda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde GDA-nyň, daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlaryň işleri we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Federal agentligiň («ROSSOTRUDNIÇESTWO») wekilleri bilen onuň ýolbaşçysy Eleonora Mitrofanowanyň baştutanlygynda duşuşyk geçirildi.

Bu çärä medeniýet, ylym we bilim ugurlary boýunça wekiller bilen bir hatarda «GS1 Türkmenistanyň» hünärmenleri gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar «Rossotrudniçestwo» tarapyndan durmuşa geçirilýän medeni-ynsanperwer we ylym-bilim çygryndaky taslamalary bilen tanyşdylar.

Şeýle hem ykdysadyýetde sanly tilsimatlary ornaşdyrmak, bu ugurda maksatnamalary öwrenýän hünärmenleri taýýarlamak boýunça taslamalar bilen tanyşdyrylyş çäreleri geçirildi.

«GS1 Türkmenistanyň» wekilleriniň bu çärä gatnaşmagy guramanyň öňdebaryjy tilsimatlary we halkara standartlary agzalarynyň işine ornaşdyrmak boýunça alyp barýan işlerine badalgadyr.