GS1-iň hünärmenleri kiberhowpsuzlyk boýunça hünär okuwyna gatnaşdylar.

26-njy noýabrda Türkmenistanyň  Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde kiberhowpsuzlyk çygryndaky bilimleri artdyrmak maksady bilen hünär okuwy geçirildi. 

Hünär okuwyny «STM Cyber» türk kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan Türkmenistanyň hususy we döwlet edaralarynyň wekilleri üçin geçirildi. 

Okuwa gatnaşyjylar maglumat tilsimatlary çygrynda IT önümleri we hyzmatlary döredýän tehnologiki IT kompaniýasy bolup durýan «STM Cyber» iş ugurlary bilen tanyş boldular.

Bellenip geçilişi ýaly, «STM Cyber» köp ugur boýunça: deňiz platformalarynyň we sputnikleriniň gurluşygyndan başlap kiberhowpsuzlygy üpjün etmeklige we Smart-tilsimatlarynyň taýýarlamalaryna çenli işleri amala aşyrýar, kiberhüjümleriň öňüni almak üçin zerur bolan kiberhowpsuzlyk töwekgelçiliklerini seljermek we baha bermek boýunça hyzmatlary hödürleýär.

Kompaniýanyň baş edarasy Ankarada ýerleşýär, «STM Cyber» bölümi Stambulda we Karaçide hem işleýär.