Türkmenistan "GS1 - 2020 Global Forumyna" gatnaşýar.

Fewral aýynyň 17-ne Brýuselde (Belgiýa) dünýäniň onlarça ýurtlaryndan wekilleri özünde jemlän GS1 Halkara guramasynyň Global forumy öz işine başlady. Milli  guramalaryň ýolbaşçylary bilen bir hatarda oňa GS1 Türkmenistanyň başlygy Aýkamar Mälikgulyýewa gatnaşýar. Türkmenistan GS1 - 2020 Global Forumyna gatnaşýar.

Her ýylky global çäre guramanyň bütewi bir ýörelgesi boýunça ylalaşyga gelmek, täze tilsimatlary girizmek we bütin dünýä boýunça GS1-iň işgärlerini güýçlendirmek maksady bilen geçirilýär.

Forumyň däp bolan çärelere baý maksatnamasy plenar we sebitleýin sessiýalary, Global ofisiň bölümçeleriniň we milli GS1 guramalarynyň wekilleriniň duşuşyklaryny, işçi toparlaryň mejlislerini we okuw seminarlaryny, şeýle hem GS1 ulgamynyň ulanyjylarynyň - iri halkara şereketleriniň wekilleriniň çykyşlaryny öz içine alýar.

GS1 Halkara assosiasiýasynyň baş ýörelgesi bolup durýan başlangyçlaryny we esasy taslamalaryny durmuşa geçirmek, sanly global anyklaýyş şertlerinde GS1 standartlaryny ulanmak mümkinçilikleri bilen baglanyşykly temalar 2020 Global Forumyň üns merkezinde bolar.

Plenar we sessiýa ýygnaklaryna gatnaşyjylar häzirki döwürde sanly tilsimatlara geçme mümkinçiliklerini giňeltmek, maglumatlaryň global nusgalaryna we maglumatlaryň geljekki alyş-çalşygyna, Activate MO Workshop degişli we başga-da birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Wekiller, hususan-da, üpjünçilik zynjyrlarynyň aýdyňlygyny kepillendirmek we alyjylaryň ähli täze isleglerini kanagatlandyrmak zerurlyklary, şeýle hem harytlar baradaky maglumatlaryň hiline we olaryň söwda hyzmatdaşlary hem-de ulanyjylar üçin elýeterliligine bolan talaplaryň ýokarlanmagy bilen bagly gaýragoýulmasyz işewürlik meselelerini çözmekde GS1 Global standartlaryny ulanmak boýunça tejribe alşarlar.

Forumyň barşynda däp bolan Market Place sergisi guralýar.