TÇŞBMG: innowasion ösüş ýolunda 6 ýyl

2020-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň döredilenine alty ýyl boldy.

TÇŞBMG-sy geçen ýyllaryň dowamynda milli ykdysadyýetimize kanuny bazar gatnaşyklaryny girizmäge, watanymyzda öndürilýän harytlarymyzyň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyklylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän düzüm  hökmünde ornuny berkitdi. Harytlaryň we hyzmatlaryň awtomatiki anyklaýyş ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri ulanmakda, halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ägirt uly işler alnyp baryldy. Watanymyzda öndürilýän on müňlerçe harytlyk önümlere dünýä bazarlaryna ýol açmagyň hakyky kepili bolan degişli belgiler girizildi.

TÇŞBMG-sy – alyp barýan işleri ISO 9001:2015 standartynyň talaplaryna laýyk gelýändigi ykrar edilen Türkmenistanyň ilkinji jemgyýetçilik guramasydyr.

Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy ýeke-täk «GS1» standartlaryny döretmekde we ornaşdyrmakda Halkara guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen halkara tejribesinde ulanylýan hasaba alyş we hasabat ulgamlaryny halk hojalygynyň dürli pudaklaryna giňden ornaşdyrmaga, halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmeklige gönüden-göni bagly bolan möhüm döwlet meselelerini çözmekde halkara GS1 standartlaryny we sanly tehnologiýalary ulanmaklyga ýardam edýär. TÇŞBMÇ-nyň bu ugurda alyp barýan işi Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda döwür üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmekde hem uly ähmiýete eýedir.

«GS1 Türkmenistan» Halkara «GS1» assosiasiýasynyň işine, şol sanda bu düzümiň Baş assambleýalaryna, Ýewropa sebitleýin konferensiýalaryna işjeň gatnaşýar. Milli gurama diňe soňky ýylda Halkara GS1 assosiasiýasynyň Global forumynda, GS1 milli guramalarynyň ýolbaşçylarynyň Polşadaky mejlisinde wekilleriň hatarynda boldy. TÇŞBMG-nyň başlygy we hünärmenleri Türkmenistanda geçirilýän halkara pudaklaýyn forumlaryna, şol sanda Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen Hazar sebtiniň işewürlik-toparlarynyň duşuşygyna, şeýle hem IT-tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we kiberhowpsuzlyk meselelerine bagyşlanan köpsanly hünär okuwlaryna gatnaşdylar.

Şu günki günde meýletin täjirçilik däl birleşmäniň düzüminde 1593 edara-kärhanalar, şolaryň hatarynda ministrlikler we pudaklaýyn wedomstwalar, guramalar we döwlet hem-de hususy düzümdäki kärhanalar bar. Berlen çyzykly şertli belgileriň jemi sany - 42 906 boldy.