GS1 in Europe Sebitleýin bileleşiginiň ýolbaşçylary online tertibinde duşuşdylar

Aprel aýynyň 29-30-y aralygynda ilkinji gezek sanly wideoaragatnaşyk arkaly GS1 in Europe Sebitleýin bileleşiginiň direktorlar Soweti geçirildi, oňa milli guramalaryň ýolbaşçylary bilen bir hatarda GS1 Türkmenistanyň başlygy Aýkamar Mälikgulyýewa gatnaşdy.

Mejlise gatnaşyjylar häzirki wagtda we öňümizdäki ýyllarda guramanyň öňünde durýan wezipeler barada pikir alyşdylar.

Hususan-da, 2019-njy ýylyň maliýe hasabaty biragyzdan tassyklandy we GS1 in Europe Sebitleýin bileleşiginiň köpsanly taslamalaryny üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen býujet meseleleri, şeýle hem guramaçylyk işleri hem-de resurslar bilen bagly tekliplere garaldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar GS1 in Europe Sebitleýin bileleşiginiň düzümlerini herekete girizen dürli öňdebaryjy taslamalar barada, şol sanda alkogolly içgileri belgilemeklige, ýerli bulut tehnologiýalaryna degişli iň täze maglumatlary aldylar.

Milli guramalaryň ýolbaşçylary 2023-nji ýyla çenli ähli döwletleri-guramanyň agzalaryny çyzykly şertli belgileriň berlişini GS1 Activate binýadyna integrirlemek bilen online tertibinde üpjün etmäge borçlandyrýan taslamany goldadylar. Şunuň bilen baglylykda, GS1 Türkmenistanyň 2018-nji ýyldan bäri bu hyzmaty üstünlikli özleşdirindegini belläp geçeliň, guramanyň agzalary online tertibinde önümlerini goşup, çyzykly şertli belgileri alyp bilýärler, indiki ädim – şu maksatlar bilen ulanylýan binýady GS1 Activate binýadyna integrirlemekdir.

Mejlisiň barşynda giň geografiki meýdany gurşap alan we köp döwletleriň we halklaryň durmuşyna ýaramaz täsirini ýetiren COVID-19 pandemiýasy döwründe milli guramalaryň işleýiş tertibi barada habar berildi. Şu ýagdaýlary göz öňünde tutmak bilen GS1 in Europe Sebitleýin bileleşiginiň çärelerini geçirmek mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Aýkamar Mälikgulyýewanyň belleýşi ýaly, GS1 Türkmenistan öz işini durnukly, adaty tertipde, maslahat berilýän ähli öňüni alyş çärelerini berjaý etmek bilen alyp barýar.

Birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy. Online tertibinde geçirilen mejlise gatnaşyjylaryň biragyzdan ses bermekleri bilen gülläp ösýän GS1 in Europe Sebitleýin bileleşigine täze agza – Birleşen Arap Emirlikleri kabul edildi.