«GS1 Türkmenistan» - halkara standartlaşdyrma ulgamynda bäş ýyl

20-nji maýda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Işewürlik merkeziniň mejlisler otagynda Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň (TÇŞBMG) ýeke-täk «GS1» standartlaryny döretmek we girizmek boýunça Halkara düzümde agzalygynyň bäş ýyllygyna gabatlanyp, ýyllyk umumy ýygnagy geçirildi.

Ýygnaga gatnaşyjylar Halkara «GS1» guramasynyň Prezidentiniň wideoaragatnaşyk arkaly iberen gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňledilerJenap Migel Lopera «GS1 Türkmenistan» agzalaryny Halkara GS1 guramasynyň agzalygyna girmeginiň bäş ýyllygy bilen gutlap, türkmen önüm öndürijileriniň halkara bazaryna çykmagynda Milli guramanyň ähmiýetini nygtap geçdi.

Bellenip geçilişi ýaly, «GS1 Türkmenistan» harytlaryň we hyzmatlaryň awtomatiki anyklaýyş ulgamyna öňdebaryjy halkara tejribeleri ornaşdyrmaklyga uly üns bermek bilen öz agzalarynyň – döwlet we hususy düzümleriň wekilleriniň innowasion ösüşine itergi berýär, milli ykdysadyýetiň durnuklylygyny saklamaklyga, eksport ukyplylygyna ýardam edýär.

Umumy ýygnagyň gün tertibine TÇŞBMG-nyň, «GS1 Türkmenistanyň» başlygy Aýkamar Mälikgulyýewanyň we derňew toparynyň amala aşyrylan işler baradaky hasabatlary goşuldy, ýygnagyň barşynda Guramanyň işlerine onuň agzalary ýokary baha berdiler.

Wekiller Guramanyň derňew toparynyň işini kadalaşdyrýan Düzgünnamany biragyzdan tassykladylar, şeýle hem başga-da birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.