GS1 Türkmenistan – online tertibinde geçirilen GS1 Baş Assambleýasynyň gatnaşyjysy

Iýun aýynyň 2-3-i aralygynda Halkara GS1 guramasynyň Baş Assambleýasynyň wideokonferensiýa arkaly mejlisi geçirildi, oňa Global ofisiň esasy bölümlerinden we Milli guramalardan  - GS1 Bileleşiginiň agzalaryndan wekilleriň 147-si gatnaşdy.

Türkmenistanyň Milli guramasynyň adyndan wideoaragatnaşyk arkaly onuň başlygy Aýkamar Mälikgulyýewa wekilçilik etdi.

Baş Assambleýanyň işiniň çygrynda guramanyň geçen döwürdäki işleriniň jemi jemlendi we onuň geljekki ösüş maksatlary ara alnyp maslahatlaşyldy

 Forumyň gün tertibinde gaýragoýulmasyz meseleleriň biri COVID-19 epidemiýasynyň köp pudaklaryň işine ýetiren ýaramaz täsiri boldy. Berlen statistiki maglumatlara laýyklykda, epidemiýanyň ýaramaz täsiri syýahatçylyk, ýeňil we elektron senagatynda has hem ýiti duýulýar. Şunuň bilen birlikde, COVID-19 epidemiýasynyň saglygy goraýyş ulgamynda entek amala aşyrylmaly işlere ünsi çekmek bilen, bu ulgamda işleriň kämilleşmegine itergi berendigi bellenip geçirldi. Şeýle hem, söwda ulgamynda sanly söwda giň gerim aldy.

Global ofisiň baş maksatlary we üç ýyllyk býudžeti barada pikir alyşmalaryň çäginde sanly hyzmatlary ösdürmek üçin maýa goýmaklygyň meýilleşdirilýändigi mälim edildi. Şunuň bilen baglylykda, bu maksatnamanyň senagaty ösdürmek, dünýäni sanlylaşdyrmak, ähtibarlyk we innowasiýalar ulgamyny emele getirmek meselelerine gönükdirilendigi bellenildi.

Assambleýa gatnaşyjylar GS1-iň geografiki bölümleriniň, şol sanda Latyn Amerika, Aziýa-Ýuwaş ummany sebti, Ýewropa, Orta Gündogar, Ortaýerdeňzi we Afrika, Demirgazyk Amerika geografiki bölümleriň, şeýle hem Global ofisiň ýolbaşçylarynyň wideoaragatnaşyk arkaly beren hasabatlaryny diňlediler. GS1 Ýewropa bilen GS1 ABŞ-nyň arasynda umumy standartlary işläp taýýarlamak, bikanun söwda garşy göreş baradaky meselelere garaldy.

Baş Assambleýanyň ikinji gününde GS1 Global ofisiň saglygy goraýyş meseleleri boýunça wise-prezidenti gözegçilik edýän ulgamynda girizilen üýtgetmeler we berilýän maglumatlaryň hili barada online tertibinde tanyşdyryş çäresini geçirdi.

GS1-iň ähli guramalary tarapyndan çyzykly şertli belgileri online tertibinde bermek (Activate-Grade) syýasatyny 2023-nji ýyla çenli doly durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu syýasatyň eýýämden GS1 Türkmenistan tarapyndan özünuiň alyp barýan gündelik işine doly ornaşdyrylandygy hem bellenip geçildi.

Verified by GS1 (GS1 tarapyndan barlanan) ulgamyny işe girizmek meseleleri barada hem pikir alşyldy. Bu ulgamyň çyzykly şertli belginiň ýeke-täkdigini we dogry girizilendigini, onuň şol önüm öndürijä hakykatdan hem degişlidigini tassyklamak üçin ulanylýandygy sebäpli, kontrafakt önümlerini ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Assambleýa gatnaşyjylar GS1 Global ofisiň müdiriýetiniň täze agzalary bilen tanyşdyryldy, GS1 Bileleşigine Katar döwletiniň kabul edişligi guraldy, şeýle hem başga-da birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.