«GS1 Türkmenistan» guramasynyň başlygy halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdy

12-nji iýunda Aşgabatda Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzda däp bolan Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Şu ýylky duşuşyk 20 döwletden alymlaryň gatnaşmaklarynda onlaýn görnüşinde geçirildi.

Döwrebap kommunikasiýa serişdeleri Türkmenistan, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Italiýa, Ispaniýa, Latwiýa, Polşa, Türkiýe, Russiýa Federasiýasy, Belarus Respublikasy, Moldowa, Gruziýa, Ermenistan, Gazagystan, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Pakistan, Eýran, Müsür, Hindistan ylmy toparlaryň wekillerini ylmyň dürli ugurlary boýunça wajyp meseleleriň töweregine jemlemäge mümkinçilik berdi.

«GS1 Türkmenistan» guramasynyň başlygy Aýkamar Mälikgulyýewa ylmy-amaly maslahatyň «Ykdysady ösüş, hukuk, halkara hyzmatdaşlyk we syýahatçylyk» bölüminiň çäklerinde «Milli akkreditleme ulgamy–Türkmenistanda tehniki taýdan düzgünleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň möhüm ugrudyr» temasyndan nutuk bilen çykyş etdi.

Onuň çykyşynda milli ykdysady ösüşiň, halkara ykdysady gatnaşyklarynda Türkmenistanyň integrasiýasynyň möhüm ugry hökmünde sanlylaşdyrmak meseleleriniň wajypdygy nygtaldy.

Şu nukdaýnazardan ugur alyp, uly göwrümli innowasion taslamalaryny we hökmany sertifikatlaşdyrmakdan oňyn çözgüt bolup durýan akkreditleme işi bilen bagly maksatnamalary durmuşa geçirmek meselerini sazlaşdyrmak boýunça milli we halkara tejribelerine garaldy.  Halkara tejribesinde kabul edilen ýeke-täk we ählumumy ýörelgelere esaslanýan laýyklyk çygryndaky akkreditleme işi boýunça milli guramany döretmegiň zerurlygy bellenip geçildi.