TK TM 08-iň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlendi, gelejekki maksatlary kesgitlendi

Iýul aýynyň 17-sine «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynda Türkmenistanyň standartlaşdyrmak boýunça tehniki komitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibinde, bu düzümleriň şu ýylyň ikinji çärýeginde 2017-nji ýyl üçin iş Meýilnamasy esasynda standartlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işleriniň netijeleri babatyndaky meselä garaldy.

«Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň» başlygy, TK TM 08 «Awtomatlaşdyrylan anyklaýyş we maglumatlary ýygymy boýunça standartlaşdyrmak» milli tehniki komitetiniň başlygy A.Mälikgulyýewa öz hasabatynda, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň hasabat döwründe ýerine ýetiren işleri, döwlet standartlarynyň işlenip düzülmegi we olara halkara kadalarynyň ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän anyk meseleleriň çözülişi, şeýle hem «GS1 Türkmenistan» tarapyndan awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary ýygymynyň tilsimatlary ulgamynda ISO/IEC 15421:2010(E) döwletara standartynyň we onuň çykgyda alnan iki sany standartynyň ISO 5-3:2009 we ISO 18911:2010 işlenilip düzülmegi boýunça teklibi barada habar berdi.

Öňde goýlan işler ýagny, Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Maksatnamasyna girizilen ýokarda görkezilen standartlary, «Технологии автоматической идентификации и сбора данных» MTK 517 Döwletara standartlaşdyrmak boýunça tehniki komitetine agzalygynyň çäginde meýilleşdirilýär.