«GS1 Türkmenistan» Aziada–2017 taýýarlygyna öz goşandyny goşýar

«Aşgabat – 2017» taslamasynyň amala aşyrylmagyna, döwlet düzümleriniň edaralary bilen bir hatarda, iýmit bilen üpjün etmek we guramak ýaly jogapkär işleriň amala aşyrylmagy, V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylaryna, köpsanly myhmanlaryna hem-de Türkmenistanyň paýtagtynda ilkinji sapar geçirilýän sebitleýin sport forumynyň tomaşaçylaryna söwda we başga hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi ynanylan hususy kärhanalary we jemgyýetçilik guramalary hem işjeň gatnaşýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesi (TSTB) bilen bilelikdäki işiň çäginde, anyk guramaçylyk meseleleriň çözülişini Türkmenistanyň çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy (TÇŞBMG), «GS1 Türkmenistan»  öz üstüne aldy. Hususan-da, TÇŞBMG-niň ýanynda döredilen “Çyzykly Belgi Hyzmatlary” jemgyýetçilik guramasynyň kärhanasynyň hünärmenleri TSTB-nyň ýardam bermegi bilen Aziada – 2017 nyşanlaryny ulanmaga  ygtyýarnama alan önüm öndürýän hususy telekeçilere, onuň talaba laýyk bezelmegine, öndürýän önümleriň daşlarynda çap edilmegine we ýerleşdirilmegine ýardam berdiler.

Mundan başga-da, «GS1 Türkmenistanyň» ýanynda döredilen werifikasion (barlag) laboratoriýasynda çyzykly şertli belgileriň çap ediş hiliniň we GS1 halkara guramasynyň başga standartlarynyň barlagy boýunça alnyp barylýan işler dowam edýär. Aziada – 2017 taýýarlyk görmegiň çäklerinde, “Çyzykly Belgi Hyzmatlarynyň” hünärmenleri Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrliginiň tabşyrygy esasynda, biziň ýurdumyzda öndürilýän çörek önümleriniň katalogynyň bezegini işläp düzdüler. Baý illýustrirlenen neşir Oýunlaryň geçiriljek döwründe ýöriteleşdirilen köpçülikleýin iýmit nokatlarynda görkezilip, myhmanlara çörek bişirilişiniň milli däpleriniň köpdürliligini şöhlelendirýän peýdaly maglumatlary almaga mümkinçilik döreder.

Uly möçberli sport forumyna taýýarlyk işleriniň ählisiniň halkara standartlaryna görä geçirilmegi, onuň ýokary  guramaçylygynyň möhüm görkezijisi, «Aşgabat – 2017» taslamasynyň üstünliginiň kepilidir.