Bikanun getirilýän harytlara garşy göreşmek maksady bilen

Oktýabr aýynyň soňky on günlüginde Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň Biznes merkezinde bikanun getirilýän harytlara we olary biziň ýurdumyzyň çäklerine getirilmegine garşy göreşmegine bagyşlanan ýygnak geçirildi.

Hususy telekeçilik kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň çagyrylmagy bilen geçirilen bu çäre, Türkmenistanyň çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň, Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň we Sanitar-epidemiologiki döwlet gullugynyň bilelikde gatnaşmagynda guraldy.

Ýygnananlar dürli önümleriň getirilmegi we çykarylmagy, bu ulgamda kadalaşdyryş kepilnamalary we sanitar talaplary  bilen baglanyşykly kadalaryň üýtgeşmeleri bilen tanyşdyryldy, galplaşdyrma we bikanun haryt getirmelere garşy goranyş ulgamynda halkara we milli standartlary baradaky maglumatlar bilen üpjün edildi.

Esasy üns gümrük gulluklarynyň işinde ulanylýan halkara standartlara gönükdirildi. Bu mesele milli ykdysadyýetiň we halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hem-de türkmen önüm öndürijileriň eksport mümkinçilikleriniň hemme taraplaýyn geljekki ösüşiniň  mazmunynda has wajyp bolmagynda galýar diýip bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar bikanun getirilýän harytlara garşy göreşmek boýunça bilelikdäki hereketleriň utgaşdyrylmagynyň, bu meseläniň ýygy-ýygydan gözegçilik edilmeginiň we bu ugurda giňişleýin wagyz nesihat işiniň geçirilmeginiň möhümdigini belläp geçdiler.