Telekeçi-zenanlar sebitleýin forumyň çäginde duşuşdylar

Noýabr aýynyň 14-ne, Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygynyň 7-nji Konferensiýasynyň (RECCA VII) çäginde, Türkmenistanyň we ençeme sebitleýin döwletleriň telekeçi-zenanlarynyň duşuşygy geçirildi. Telekeçi-zenanlaryň forumyna gatnaşmak üçin Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň aýaly – Rula Gani, hem-de Owganystandan, Hindistandan, Gyrgyzystandan we Päkistandan telekeçi-zenanlar çagyryldy. Olar özleriniň telekeçilik işi barada gürrüň edip, ony guramagyň tejribesi, geljekki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň maksatlary bilen paýlaşdylar.

Türkmen tarapyndan Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň dolandyryjy agzalary – telekeçi-zenanlar Merkeziniň ýolbaşçysy, telekeçi – Aýbölek Pollyýewa,  Türkmenistanyň çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň başlygy Aýkamar Mälikgulyýewa, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary – TSTB-niň «Rysgal» gazetiniň baş redaktory Güljemal Gurbanowa we telekeçi Oguljeren Kazakowa çykyş etdiler.

Türkmenistanyň çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň başlygynyň çykyşynda işgärleriň saldamly böleginiň aýal-gyzlardan ybarat bolan bu gurluşyň işi barada maglumatlary öz beýanyny tapdy. Mundan başga-da, Aýkamar Mälikgulyýewa gatnaşyjylary biziň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda, kiçi we orta telekeçilikde aýal-gyzlaryň ornunyň pugtalanmagynyň, Türkmenistanda gender meseleleriniň üstünlikli çözülişiniň milli tejribesi  bilen tanyşdyrdy. Türkmen zenanlarynyň gymmatlyklar ulgamynyň adaty garaýyşlary, täze has giňişleýin dünýä garaýyşlary, işjeň durmuş (ýörelgeleri) pozisiýalary, başlangyçlary hem-de maksada okgunlylygy bilen utgaşykly sazlaşýandyklary aýratyn bellenildi. Türkmenistanyň zenanlary özünde döwrüň talap edýän döredijilik potensialyny jemleýärler. Forumyň gatnaşyjylary tarapyndan öz gezeginde döwürdeş zenanyň şahsyýetiniň hemme taraplaýyn ösmegine itergi berýän döwletiň zenanlara üpjün edýän durmuş kepillikleri baradaky maglumaty has gyzykly garşy alyndy.

Zenan telekeçiligini hem-de şu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny goldamagyň meseleleri ýygnananlaryň aýratyn üns merkezinde boldy. Duşuşyga gatnaşyjylar ählumumy abadançylygyň we ösüşiň maksatlaryna gönükdirilen konstruktiw hyzmatdaşlygyň mundan beýlägem ösdürilmegini biragyzdan makulladylar.