GS1 in Europe Müdirler maslahatynyň mejlisi

GS1 Ýewropa bölüminiň Müdirler maslahatynyň mejlisi geçirildi.

Dekabr aýynyň 12-13-i aralygynda Kölnde (Germaniýa) GS1-yň Ýewropa sebitiniň Müdirler maslahatynyň mejlisi geçirildi we bu mejlise Türkmenistanyň çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň başlygy A.Mälikgulyýewanyň gatnaşdy.

Mejlisiň gün tertibi sebitleýin we global derejelerinde GS1 halkara birlmeşmesiniň çäginde hyzmatdaşlygyň mehanizmleriniň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri öz içine aldy.

GS1 in Europe Müdirler maslahatynyň mejlisiniň birinji gününiň barşynda guramanyň amala aşyrýan işi, hususan-da, Frankfurtda geçirilen dolandyrmagyň gurultaýynyň netijeleri barada GS1 Germany maglumat tehnologiýalary boýunça baş hünärmeni Tomas Felliň we GS1 Germany ýerine ýetiriji müdiri Ýorg Pretzeliň hasabatlary diňlenildi. Şol gün GS1 UK baş müdiri Gari Linç global we ýerli dolandyrmak boýunça prezentasiýa geçirdi.

Dekabr aýynyň 13-ine mejlise gatnaşyjylar GS1 Italy barlaglar boýunça menejeri Samanta Korealliň GS1 Europe guramalarynda mümkinçilikleriň we agzalyk etmekligiň meseleleri bilen baglanyşykly geçirilen sorag-jogabyň maglumatlaryny özünde jemleýän «Europe Insights» atly çykşyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Müdirler maslahatynyň mejlisiniň barşynda GS1 Milli guramalarynyň başlyklarynyň 2017-nji ýylda amala aşyrylan işleri we 2018-nji ýylda meýilleşdirilýän maksatlar boýunça hasabatlar diňlenildi.