Türkmenistan GDA-nyň territoriýasynda awtomatlaşdyrylan anyklaýyş tilsimatlary standartlaşdyrmak boýunça işine işjeň gatnaşýar

TK TM 08 «Awtomatlaşdyrylan anyklaýyş we maglumatlar ýygymy boýunça standartlaşdyrmak» Türkmenistanyň Milli tehniki komiteti 2016-njy ýylyň oktýabr aýynyň 12-sine Moskwada geçirilen MTK 517  «Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary» standartlaşdyrmak boýunça tehniki komitetiniň  nobatdaky mejlisine doly ygtyýarly agza hökmünde  ilkinji gezek gatnaşdy.

МТК 517 jogapkär kätibiniň «Standartlaşdyryş, metrologiýa we sertifikasiýa boýunça Döwletara geňeşiniň agza ýurtlarynyň awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary ugur boýunça standartlaşdyrmak işiniň ýagdaýy» atly çykyşy diňlenildi.

Radioýygylygy açyklamak ugur boýunça standartlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna uly üns berildi. Mejlisiň netijeleri boýunça, amala aşyrylmagyna Türkmenistanyň adyndan TK TM 08 tehniki komitetiniň işjeň gatnaşjak, 2017 we geljekki ýyllar üçin iş maksatnamasy we Resolýusiýasy kabul edildi.

Mejlisiň işinde GDA döwletleri bolan – Russiýanyň, Belorussiýanyň, Azerbeýjanyň, Türkmenistanyň, Ermenistanyň, Gyrgyzystanyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň adyndan Türkmenistanyň çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň başlygy, TK TM 08  «Awtomatlaşdyrylan anyklaýyş we maglumatlar ýygymy boýunça standartlaşdyrmak» tehniki komitetiniň başlygy Aýkamar Mälikgulyýewa gatnaşdy.

Aýratyn-da, ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky halkara standartlar söwda hyzmatdaşlaryň, sargytçylaryň, potratçylaryň, barlag laboratoriýalaryň we sarp edijileriň arasyndaky aragatnaşygyň ýeke-täk dili hökmünde hyzmat edýär. Mundan başga-da, öndürilýän harytlaryň hiline, takyklygyna we howpsuzlygyna ynamyň artdyrylmagyna ýardam etmek bilen standartlaryň ulanylmagy, umumy standartlaryny ulanýan ýurtlaryň we kärhanalaryň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrýar.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň standartlaşdyrmak boýunça halkara işine işjeň gatnaşmagy, ýerli kärhanalaryň eksport mümkinçilikleriniň ösdürilmegine we sarp edijileriň bähbitleriniň goralmagyna ýardam edýär.