«GS1 Türkmenistanyň» döredilenine iki ýyl doldy

Maý aýynda Türkmenistanyň çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy özüniň «GS1 AISBL» ýeke-täk standartlarynyň döredilmegi we ornaşdyrylmagy boýunça Halkara düzüminde agzalygynyň iki ýyllygyny belläp geçdi.

«GS1 Türkmenistanyň» döredilmegi biziň ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşmagyna maksatlylygyny şöhlelendirýär.

"GS1" Milli guramasynyň harytlaryň we hyzmatlaryň awtomatiki anyklaýyş ulgamyna öňdebaryjy halkara tejribesiniň ornaşdyrylmagy boýunça alyp barýan işi, türkmen haryt öndürijileriň  dünýä bazarlaryna çykmagyna ýardam berýär, olary innowasion ösüş ugrunda höweslendirýär, umuman, milli ykdysadyýetiň durnuklylygynyň saklanmagyna we ekporta gönükdirilmegine ugrukdyrýar.