«GS1 Türkmenistan» - GS1-2017 Baş Assambleýasynyň wekili

Maý aýynyň 15-18-i aralygynda London şäherinde GS1 AISBL Halkara Assosiasiýasynyň Baş Assambleýasy geçirildi. Foruma GS1 Global Ofisiniň ähli esasy bölümçeleriniň, GS1 Milli guramalarynyň hem-de çagyrylan guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

«GS1 Türkmenistanyň» wekili hökmünde onuň ýolbaşçysy Aýkamar Mälikgulyýewa çykyş etdi.

Assambleýanyň çäginde  plenar ýygnaklary, işçi toparlarynyň mejlisleri we okuw seminarlary geçirildi. Wekiller GS1  Halkara guramasynyň baş direktory Migel Loperiň 2016-njy ýyl üçin GS1-yň işi baradaky jemleýji hasabatyny diňlediler. Tehnologiki innowasiýalaryň, müşderileriň we sarp edijileriň  islegleriniň dinamiki üýtgeýän şertlerinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ösdürilmegine GS1 – Bileleşiginiň oňyn täsiri bellenildi.

GS1 global üpjünçilik zynjyrynda özüniň wajyplylygyny saklap, täze meseleleri çözüp, işlemegini dowam edýändigi barada aýratyn bellenildi.

Assambleýanyň mejlisiniň barşynda GS1 guramalarynyň agzalarynyň GEPIR maglumatlar binýadynyň ýöredilýänligi baradaky hasabaty beýan edildi.