“GS1 Türkmenistan” işgärler topary
Biziň toparymyzda guramanyň agzalarynyň telekeçilik işini kämilleşdirmek üçin olar bilen işlemegiň zerurdygy barada bir umumy – hemmeler tarapyndan goldanylýan düşünje bar
Bize öz ugrumyzda işleýän iň gowy hünärmenleri, biziň ähli agzalarymyzyň adyndan telekeçilik işimiziň birsydyrgyn hereketini üpjün etmek bilen, göze görünmeýän işi ýerine ýetirýän işgärleri çekmek başartdy. Biziň toparymyzyň ähli agzalaryny netijeli haryt iberilýän hatarlaryň esasy bolup durýan standartlara çuň düşünmek tapawutlandyrýar.
Biziň guramamyz sarp edijileriň talaplaryna laýyk gelýän önümleriň söwdasynda GS1 standartlaryny peýdalanmakda guramanyň agzalaryna ýardam etmek boýunça bilermen bolup durýar.
Biz ilkibaşda üpjün edijileri çyzykly belgiler bilen üpjünlemekden başlap, şol üpjün edijileriň önümleri barada sarp edijilere habar bermäge çenli dürli çäreleri geçirýäris. Toparymyz iri söwda merkezleri we jemgyýetçilik iýmiti ulgamynda işleýän kompaniýalar üçin birnäçe üstünlikli çäreleri geçirdi.
Toparyň şu işleri amala aşyrýan agzalary baradaky maglumatlary şu ýerde tapyp bolar:

Başlyk
Aýkamar Mälikgulyýewa

Hünärmen
Atajan Saparmyradow

Hil boýunça utgaşdyryjy we TK TM 08 tehniki komitetiniň kätibi
Atbaşiýew Meýlis

Hünärmen
Ylýas Durdyýew
