Pudaklar
GS1 standartlary bütin dünýä boýunça senagatyň 20-den gowrak pudagynda artykmaçlygy üpjün edýär
GS1 standartlary haryt iberilýän hatarlaryň esasynda ýatmak bilen, çykdajylary azaldýarlar we senagatyň dürli pudaklarynda aýratyn netijeliligi üpjün edýärler. Ýöne biziň esasy sektorlarymyz bölek satuw söwdasy, saglygy goraýyş, ulag we logistika hem-de jemgyýetçilik iýmiti (azyk önümleri) bolup durýar. Biziň şu ugurlarda haryt iberilýän hatarlary nähili özgerdýändigimizi bilmek üçin şu bölümi öwreniň!
GS1 ulgamynyň tapawutly taraplarynyň biri hem bölek satuw söwda sektorynda onuň standartlarynyň ýeterlik derejede uzak wagtyň dowamynda ulanyp gelýändigi bolup durýar, dukanlaryň gözegçilik-kassa nokatlarynda GS1 çyzykly belgileriň skanirlenmeginiň häsiýetli signallarynyň sany bolsa bir günde 5 milliarda ýetýär. Häzirki wagtda bölek satuw söwdasyny amala aşyrmagyň dürli wariantlary bar, ýöne sarp edijiler satyn almalary amala aşyrmagyň bir göni ýoluny, önümiň öýlere getirilip berilmegini üpjün edýän ýoluny barha ýokary derejede ileri tutýarlar. Bölek satuw söwdasynyň bu ýoly azyk önümleri, egin-eşik, elektronika we beýleki harytlar üçin „şahsy üpjün ediş hataryny“ emele getirýär. Şu ýagdaýda hem GS1 standarty kömek edip biler.
Köpräk biliňNäsag bolan wagtyňyzda siziň ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatyny almaga hukugyňyz bardyr. Saglygy goraýyşda biziň standartlarymyzyň peýdalanylmagy näsagyň howpsuzlygyny ýokarlandyrýar, harytlaryň iberilýän hatarlarynyň netijeliliginiň ýokarlanmagyny höweslendirýär we derman preparatlaryna gözegçiligi kämilleşdirýär.
Köpräk biliňSenagatça, bölek söwda ulgamynyň wekiline ýa-da logistika hyzmatlary bilen üpjün edijä gije-gündiziň islendik wagtynda ýüküň ýerleşýän ýeri barada, ýüküň iberilýän ýeri, bu ýüküň haçan we nirä gelmelidigi barada takyk bilimler zerurdyr. GS1 standartlarynyň peýdalanylmagy sizi şu soraglaryň ählisine jogaplary öz içine alýan takyk we derwaýys maglumat bilen üpjün eder we telekeçilik işiňiz üçin zerur bolan iň gowy çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berer.
Köpräk biliňYkdysadyýetiň örän bäsleşikli we multitrillion segmenti bolup durýan jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlar sektory ösüşiň çalt depginleri bilen häsiýetlendirilýär. Üznüksiz ösüş prosesinde bolýan bu pudagyň çäginde hereket edýän, öýüň daşynda nahar taýýarlamak bilen meşgullanýan islendik gurama ýa-da kärhana öwrülişik nokadyna ýetdi diýseň hem bolar. Bu örän giň bazar senagatçylary, distribýuterleri we operatorlary öz içine alýar, olaryň ählisiniň öňünde azygyň görnüşini, netijeliliginii we howpsuzlygyny ýokarlandyrmak wezipesi durýar we olar onuň üçin hem-de beýleki düzgünleşdiriş talaplarynyň ýerine ýetirilmegi üçin jogapkärçilik çekýärler.
Jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlar sektorynyň hatary özüniň çylşyrymlylygy, depginliligi we sarp edijileriň talaplaryna tabyn bolmalydygy bilen bellidir, ýöne GS1 standartlarynyň kömegi bilen bu iş ýönekeýleşýär. GS1 ulgamy, umumy diliň ulanylmagyny üpjün etmek, maglumatlary alyşmak başlangyjyny öňe sürmek we söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda kommunikasiýa işlerini güýçlendirmek arkaly ahyrky sarp edijilere peýda getirýär.
Köpräk biliň