ТК ТМ 08 tehniki komitetiniň ýygnaklarynyň geçirilen seneleri we işiniň netijeleri:

2016-njy ýylyň 23-nji maýy – tehniki komitetiň agzalarynyň birinji ýygnagy geçirildi.

Netijeler – kandidaturalary aşakdaky wezipelere saýlanmagy we tassyklanmagy:

TК ТМ 08 tehniki komitetiniň başlygy – Mäligulyýewa Aýkamar,

ТК ТМ 08 tehniki komitetiniň başlygynyň orunbasary – Jumaýew Döwlet,

ТК ТМ 08 tehniki komitetiniň kätibi – Ýaýlanowa Dilber;

Halkara ISO standartlaryna laýyk gelýän 24 sany milli standartlary taýýarlamaklygy öz içine alýan 2016-2023 ýyllar üçin standartlaşdyrmalar boýunça Meýilnamany seredilmegi we kabul edilmegi.


2016-njy ýylyň 22-nji iýuny – tehniki komitetiň agzalarynyň ikinji ýygnagy geçirildi

Netijeler - ТК ТМ 08 tehniki komitetiniň agzasy hökmünde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň wekiliniň gatnaşmagynyň zerurlygy baradaky çözgüdi kabul edilmegi;

«Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň» («GS1 Türkmenistan»), werifikasion laboratoriýasynyň işi üçin normatiw baza hökmünde milli standartlary döretmegiň zerurlygy barada seminaryň geçirilmegi.


2016-njy ýylyň 23-nji sentýabry - tehniki komitetiň agzalarynyň üçünji ýygnagy geçirildi

Netijeler – Ilkinji we iň esasylaryň hatarynda bolan milli standartlaryň - TDS-ISO/IEC 15416:2000(Е) «Maglumat tilsimatlary. Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary. Çyzykly şertli belgileriň çap ediliş hilini synag etmegiň düzgünleri. Çyzykly simwollar» we TDS-ISO/IEC 15420:2009(Е) «Maglumat tilsimatlary. Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary. EAN/UPC çyzykly şertli belgisini simwollaşdyrmagyň düzgünleri» taslamalarynyň seredilmegi we kabul edilmegi.


2016-njy ýylyň 10-njy dekabry – tehniki komitetiň agzalarynyň dördünji ýygnagy geçirildi

Netijeler - TDS-ISO/IEC 15426-1:2006(Е) «Maglumat tilsimatlary. Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary. Çyzykly şertli belgileriň werifikatorlarynyň laýyklygyny barlamagyň düzgünleri. Bölüm 1: Çyzykly simwollar», TDS-ISO/IEC 16390:2007(Е) «Maglumat tilsimatlary. Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary. Interleaved 2 of 5 çyzykly şertli belgisini simwollaşdyrmagyň düzgünleri» we TDS-ISO/IEC 16388:2007(Е) «Maglumat tilsimatlary. Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary. Code 39 çyzykly şertli belgisini simwollaşdyrmagyň düzgünleri» milli standartlaryň taslamalarynyň seredilmegi we kabul edilmegi.


2017-nji ýylyň 7-nji apreli – tehniki komitetiň agzalarynyň bäşinji ýygnagy geçirildi

Netijeler - TDS-ISO/IEC 15417:2007(Е) «Maglumat tilsimatlary. Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary. Code 128 çyzykly şertli belgisini simwollaşdyrmagyň düzgünleri» milli standartyň taslamasyna we МТК 517 tehniki komitetiniň ГОСТ ISO/IEC 15438:2015(Е) «Информационные технологии. Технологии автоматической идентификации и сбора данных. Спецификация символики штрихового кода PDF417» tassyklanylýan taslamanyň düzedişleriniň seredilmegi we kabul edilmegi; Maýa Bekmyradowany ТК ТМ 08 tehniki komitetiniň kätibi wezipesine saýlanmagy we tassyklanmagy.


2017-nji ýylyň 5-nji iýuly - tehniki komitetiň agzalarynyň altynjy ýygnagy geçirildi

Netijeler - TDS-ISO/IEC 15419:2009(Е) «Maglumat tilsimatlary. Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary. Çyzykly şertli belginiň sanlaýyn görkezmesinde we çap edilmeginde parametrleriň synaglary» milli standartyň taslamasynyň seredilmegi we kabul edilmegi.


2017-nji ýylyň 11-nji oktýabry – tehniki komitetiň agzalarynyň ýedinji ýygnagy geçirildi

Netijeleri – TDS-ISO/IEC 24724:2011(Е) «Maglumat tilsimatlary. Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary. GS1 DataBar çyzykly şertli belginiň simwolikasynyň spesifikasiýasy» milli standartynyň taslamasynyň seredilmegi we kabul edilmegi.


2017-nji ýylyň 6-njy dekabry – tehniki komitetiň agzalarynyň sekizinji ýygnagy geçirildi

Netijeleri – TDS-ISO/IEC 15421:2010(Е) «Maglumat tilsimatlary. Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary. Ştrih kod ussasynyň geçirýän synaglarynyň aýdyňlaşdyrmasy» we TDS-ISO/IEC 646:1991(Е) «Maglumat tilsimatlary. Maglumat alyşmak üçin simwollaryň ISO 7-bit kodly toplumy» iki sany milli standartlarynyň taslamalarynyň seredilmegi we kabul edilmegi.


2018-nji ýylyň 20-nji apreli – tehniki komitetiň agzalarynyň dokuzynjy ýygnagy geçirildi

Netijeleri – TDS-ISO 5-3:2009(Е) «Fotosuratyň we grafikanyň tehnologiýasy. Densitometriýa. 3-nji bölüm: Spektral şertler» milli standartyň taslamasynyň seredilmegi we kabul edilmegi.


2018-nji ýylyň 22-nji iýuny – tehniki komitetiň agzalarynyň onunjy ýygnagy geçirildi

Netijeleri – TDS-ISO/IEC 15421:2010(E) standartynyň salgylanmasy bolan TDS-ISO 18911:2010(E) «Hasaba alynýan materiallar. Işlenen howpsuz fotosurat plýonkalary. Saklanyş tejribesi» milli standartyň taslamasynyň seredilmegi we kabul edilmegi.


2018-nji ýylyň 14-nji sentýabry – tehniki komitetiň agzalarynyň on birinji ýygnagy geçirildi

Netijeler – milli standartyň - TDS-ISO/IEC 15423:2009(E) «Maglumat tilsimatlary. Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary. Çyzykly şertli belginiň dekoderleriniň we skanerleriniň ulanylyş synaglary» taslamasynyň seredilmegi we kabul edilmegi.


2018-nji ýylyň 5-nji dekabry – tehniki komitetiň agzalarynyň on ikinji ýygnagy geçirildi

Netijeler – iki sany milli standartyň - TDS-ISO/IEC 15459-1:2014(Е) «Maglumat tilsimatlary. Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary. Aýratyn anyklaýyş. Bölüm 1: Özbaşdak geçirilýän birlikler» we TDS-ISO/IEC 15459-2:2015(Е) «Maglumat tilsimatlary. Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary. Aýratyn anyklaýyş. Bölüm 2: Bellige almagyň tertibi» taslamalarynyň seredilmegi we kabul edilmegi.


2019-njy ýylyň 29-njy apreli – tehniki komitetiň agzalarynyň on üçünji ýygnagy geçirildi

Netijeler – iki sany milli standartyň - TDS-ISO/IEC 15459-3:2014(Е) «Maglumat tilsimatlary. Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary. Aýratyn anyklaýyş. Bölüm 3: Umumy düzgünler» we TDS 1276-2019 «Maglumat tilsimatlary. Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary. Çyzykly şertli belgileriň werifikatorlarynyň laýyklygyny barlamagyň düzgünleri. Bölüm 2: Ikiölçegli simwollar» taslamalarynyň seredilmegi we kabul edilmegi.


2020-nji ýylyň 10-njy ýanwary – tehniki komitetiň agzalarynyň on dördünji ýygnagy geçirildi

Netijeler – milli standartyň - TDS-ISO/IEC 15438:2015(Е) «Maglumat tilsimatlary. Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary. PDF417 çyzykly şertli belginiň simwolikasynyň düzgünleri» taslamasynyň seredilmegi we kabul edilmegi.


2020-nji ýylyň 11-nji marty – tehniki komitetiň agzalarynyň on bäşinji ýygnagy geçirildi

Netijeler – üç sany milli standartlaryň - TDS-ISO/IEC 15459-4:2014(Е) «Maglumat tilsimatlary. Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary. Aýratyn anyklaýyş. Bölüm 4: Çeküwsiz harytlar we gaplanan önüm birlikleri», TDS-ISO/IEC 15424:2008(Е) «Maglumat tilsimatlary. Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary. Maglumat göterijileriň tanadyş belgileri (simwolikalaryň tanadyş belgilerini öz içine almak bilen)» we TDS-ISO/IEC 15416:2016(Е) «Maglumat tilsimatlary. Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary. Çap ediliş hilini anyklamakda çyzykly şertli belginiň simwollaryny synag etmegiň düzgünleri. Çyzykly simwollar» taslamalarynyň seredilmegi we kabul edilmegi.