TK TM 08-iň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlendi, gelejekki maksatlary kesgitlendi.

TK TM 08 “Awtomatlaşdyrylan anyklaýyş we maglumatlar ýygymy boýunça standartlaşdyrmak” tehniki komitetiniň döredileni bäri onuň agzalarynyň on bäş mejlisi geçirildi. Bu mejlislerde ISO/IEС halkara standartlarynyň esasynda işlenip düzülen on ýedi milli standartlaryna garaldy we ylalaşyldy. Bu standartlar Türkmenistanyň Döwlet sanawyna tassyklanyldy we goşuldy.

Standartlaşdyrmak, metrologiýa we ygtyýarnamalaşdyrmak boýunça döwletara sowetiniň hyzmatdaşlygynyň çäklerinde “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň ygtyýarlandyrylylmagy bilen Türkmenistan döwleti dolyhukukly agzasy bolup durýar – ol МТК 517 (Döwletara tehniki komitet) “Awtomatlaşdyrylan anyklaýyş we maglumatlar ýygymy tehnologiýasy” bilen TK TM 08 “Awtomatlaşdyrylan anyklaýyş we maglumatlar ýygymy boýunça standartlaşdyrmak” tehniki komitetini baglanyşdyryjy bolup durýar. Bu hyzmatdaşlygyň netijesinde TK TM 08 tehniki komitetiniň mejlislerinde bäş sany döwletara standartlarynyň – ГОСТ taslamalaryna garaldy we ylalaşyldy.

ТК ТМ 08 tehniki komiteti tarapyndan dört standartdan, olaryň biri ISO/IEC 15416:2016(Е) boýunça täzeden garamaklyga degişli bolan we «GS1 Türkmenistanyň» iş çygrynda esasy standartlaryň biri bolup durýan –TDS-ISO/IEC 15416:2000(Е) «Maglumat tilsimatlary. Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak usullary. Çyzykly şertli belgileriň çapynyň hilini synag etmegiň düzgünleri. Çyzykly simwollar» milli standartyndan ybarat 2020-nji ýyl üçin standartlaşdyrmak boýunça meýilnama düzüldi we «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugyna tassyklamak üçin iberildi. Şu ýylyň meýilnamasyny ýerine ýetirmek bilen bir wagtda ISO/IEC 19762:2016 halkara standartynyň we ГОСТ ISO/IEC 19762 «Информационные технологии. Технологии автоматической идентификации и сбора данных (АИСД). Гармонизированный словарь» döwletara standartynyň esasynda milli standartyň uly göwrümli taslamasynyň taýýarlyk işleri alnyp barylýar, bu standarty ТК ТМ 08 tehniki komitetiniň 2021-nji ýyl üçin standartlaşdyrmak boýunça meýilnamasyna goşmak göz öňünde tutulýar.

2020-nji ýylyň fewral aýynda ТК ТМ 08 tehniki komitetiniň standartlaşdyrmak boýunça meýilnamasyna ikiölçegli çyzykly şertli belgilerine üç sany goşmaça halkara standarty: QR Code - ISO/IEC 18004:2015 «Информационные технологии. Технологии автоматической идентификации и сбора данных. Спецификация символики штрихового кода QR Code», Data Matrix- ISO/IEC 16022:2006 «Автоматическая идентификация. Спецификация символики Data Matrix» we ISO/IEC 15415:2011 «Информационные технологии. Технологии автоматической идентификации и сбора данных. Спецификация испытаний штрихового кода на соответствие качества печати. Двумерные символы» - işläp taýýarlamak üçin goşuldy, olara şu ýylyň ahyryna çenli garalar.