«GS1 Türkmenistanyň» başlygy GS1 – 2018 Baş Assambleýasynyň işine gatnaşdy.

Maý aýynyň 14-17 aralygynda Hytaýyň Hançjou şäherinde GS1 Halkara assosiasiýasynyň (birleşiginiň) nobatdaky Baş Assambleýasy geçirildi.

Her ýylda geçirilýän bu forum GS1 Global ofisiň ähli esasy şahamçalarynyň wekillerini, Milli guramalaryň – GS1 Birleşigiň agzalaryny, GS1 ulgamyň ulanyjylary bolan öňdebaryjy halkara kompaniýalaryň we işewür toparlaryň ýolbaşçylaryny birleşdirdi.

Türkmenistanyň Milli guramasynyň adyndan onuň başlygy Mälikgulyýewa Aýkamar wekilçilik etdi.

Baş Assambleýanyň çäginde, Hançjou şäherinde plenar mejlisleri, iş toparlarynyň mejlisleri, okuw seminarlary, jemgyýetçilik çäreleri geçirildi, GS1-iň ýakyn geljek üçin ileri tutulýan strategiki ugurlary kesgitlendi hem-de aýry ýöriteleşdirilen toparlaryň maksatlary anyklaşdyryldy.

Wekiller GS1 Halkara guramasynyň Prezidenti we Baş direktory Migel Loperiň 2017-nji ýylda GS1-da amala aşyrylan işiň netijeleri boýunça hasabat dokladyny diňlediler.

Foruma gatnaşyjylar ulgamyň globalizasiýalaşmagyna ugrukdyrylan hem-de GS1-iň hyzmatlarynyň we standartlarynyň görkezilmeginde  täze toplumlaýyn çemeleşmäniň emele gelmegine itergi berýän, olaryň unifisirlenmeginde (bir nusgada bolmagynda)  we olaryň üpjünçilik zynjyryna gatnaşyjylaryň giň gerimde bütindünýä boýunça pudaklaýyn ulanmagynyň elýeterliligini artdyrýan GS1 Cloud taslamasynyň mundan beýläk hem öňe sürülmegini makulladylar. Hususan-da, BETA-ny çykarmak maksady bilen, täze GS1 Cloud - «Check and Activate» («Barlag we aktiwleşdirme»)  hyzmat-platformalary makullanyldy.

Check kompaniýalara GTIN-iň ýagdaýyny aňsatlyk bilen barlamaga mümkinçilik berýär. Activate agza-guramalary üçin, GS1-iň açarlaryny bermek, aktiwleşdirmek we dolandyrmak hyzmatydyr. «BETA Release» agza-guramalaryň hyzmatlary içki barlag üçin ulanyp biljekdigini aňladýar. BETA-nyň çykarylmagynyň maksady önüm öndürilmänkä, girişini we arabaglanyşygy anyklamak bolup durýar.

Baş Assambleýanyň mejlisiniň barşynda käbir guramaçylyk meselelerine hem garaldy. 

GS1-iň Baş Assambleýasynyň geçirilmegi GS1 Birleşik torunyň döredilmegi ugrunda halkara guramanyň alyp barýan işinde wajyp ähmiýetli waka bolup durýar hem-de her ýyl GS1-iň agza-guramalarynyň birinde geçirilýär.  Dolandyrmak işinde özüniň wajyp wezipesine görä, Assambleýa guramanyň strategiki ugurlaryny kesgitleýär hem-de onuň global ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýar.