Hususy telekeçiligiň wekilleri boş iş orunlarynyň ýöriteleşdirilen ýarmarkasyna gatnaşdylar

Awgust aýynyň 30-yna türkmen paýtagtynda işe ukyplylygy çäklendirilen adamlar üçin niýetlenen boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçirildi. Durmuş taýdan ähmiýetli bolan bu çäräniň guramaçysy bolup, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasy çykyş etdi.

Ýarmarka Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekilleri we ýolbaşçylary hyzmatdaş hökmünde gatnaşmak üçin çagyryldylar. Ýygnananlaryň şol sanda, Zenanlar birleşiginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Körler we kerler jemgyýetiniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň we iş gözleýän maýyp adamlaryň  öňünde BMG-nyň Hemişelik utgaşdyryjysy, BMGÖM-nyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Ýelena Panowa çykyş etdi.

Gutlag hatynda biziň ýurdumyzda Durnukly Ösüş Maksatlaryna (DÖM) ýetmek ugrunda meseleleriň çözülişi babatynda mundan başga-da, Maýyplygy bolan adamlaryň zähmet we iş üpjünçilik çygryndaky hukuklarynyň Türkmenistanda doly durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin 2017-2020-nji ýyllarda amala aşyrylmaly çäreleriň Meýilnamasyny ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işleriň ähmiýeti aýratyn bellenip geçildi.

Ýygnananlaryň öňünde çykyş etmek bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dolandyryjy agzasy, Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň başlygy Aýkamar Mälikgulyýewa, täze iş orunlaryň döredilmeginde, ilatyň iş bilen üpjünçilik meseleleriniň çözülişinde ýurdumyzda telekeçiligiň aýratyn ähmiýetini belläp geçmek bilen birleşmäniň Durnukly Ösüş Maksatlaryny (DÖM) amala aşyrmak boýunça işleriň saýlanyp alnan ugurlary, şeýle-de, TSTB-niň haýyr-hasabat işleri babatynda çykyş etdi. Bellenip geçilişi ýaly, ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk böleginiň ösdürilmegi, telekeçileriň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna has işjeň gatnaşmagy, işe ukyplylygy çäklendirilen adamlaryň iş bilen üpjünçilik meseleleriň çözülmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Işe ukyplylygyň çäklendirilmegi gyzykly işiň gözleginde böwet bolup durmaly däl, mundan başga-da, şu günki tabşyrylan ýüzlenmeler we maglumatlar kabul ediler hem-de hususy telekeçilik kärhanalarynda degişli wezipe orunlarynyň gözleginde göz öňünde tutular diýip Aýkamar Mälikgulyýewa belledi.  

Ýarmarkanyň barşynda maýyplygy bolan adamlar geljekki iş berijiler bilen duşuşmaga, zähmet bazarynyň ýagdaýyny we uly isleg bildirilýän kärlerini, durmuş kömeginiň çärelerini we saglyk ýagdaýy sebäpli zähmet çekmäge mümkinçiligi çäkli bolan raýatlary işe ýerleşdirmäge ýardam berýän iş bilen üpjünçilik maksatnamalaryny, olary iş bilen üpjün etmäge ýöriteleşdirilen kärhanalaryny we guramalaryny öwrenmäge mümkinçilik gazandylar.

Boş iş orunlarynyň ýöriteleşdirilen ýarmarkasynyň tamamlanmagy bilen onuň netijeleri jemlendi.