Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň başlygy EuropeAid taslamanyň seminaryna gatnaşdy

Biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň başlygy, Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň dolandyryjy agzasy Aýkamar Mälikgulyýewa «Türkmenistanda obalaryň we oba-hojalygyň geljekki durnukly ösüşine ýardam etmek – III döwür (SARD III)» EuropeAid taslamasynyň tanyşdyryjy seminaryna gatnaşdy. 

Şu taslama 2016-njy ýyldan Ýewropa Bileleşigi, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşigi bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylyp, milli ulgamda durnukly oba-hojalygyň maksatlaryna ýetmäge, obalaryň we oba-hojalyk pudaklarynyň ösüşine hem-de institusional goldawyna gönükdirilen.

Oktýabr aýynyň birinji ongünlüginde Irlandiýa Respublikasynda geçirilen şu çäre özüniň milli azyk haryt önümçiliginiň umumy möçberiniň üçden iki bölegini  dürli ýurtlara satýan Ýewropada üstünlikli eksport ediji ýurtlaryň biri hökmünde tanalýan döwletiň bu babatyndaky tejribesi bilen tanyşmagyna gönükdirilen.

Hususan-da, seminarda Irlandiýa Respublikasynyň azyk harytlaryny eksport ediji kiçi we orta telekeçiligiň kärhanalaryny goldamak we höweslendirmek boýunça tejribesi bilen tanyşmaga hem-de Ýewropa ýurtlarynda hil we azyk howpsuzlygy boýunça standartlaryna we Ýewropa Bileleşiginiň azyk haryt bazarlaryna girmek bilen baglanyşykly bildirilýän degişli talaplaryny öwrenmäge mümkinçilik döredi.

Dublinda we ýurduň beýleki sebitlerinde bolan mahaly, seminara gatnaşyjylar azyk harytlaryna we oba-hojalygyna ýöriteleşýän şeýle-de, öndürilýän harytlaryň azyk howpsuzlyk standartlaryna we talaplaryna laýyklygynyň barlagyny we gözegçiligini amala aşyrýan we azyk harytlaryň satuwyny tizleşdirýän hem-de irland kärhanalarynyň dünýä bazaryndaky ösüşine ýardam berýän köp sanly döwlet we hususy düzümlerine, guramalaryna we kompaniýalaryna baryp gördüler. Olaryň arasynda: «Irlandiýanyň durnukly azyk ösüşiniň ulgamlary» guramasy, Oba-hojalyk, azyk we deňiz baýlyklary müdirligi (DAFM), Irlandiýanyň azyk howpsuzlygy müdirligi (FSAI), Irlandiýanyň Azyk harytlary boýunça döwlet gullugy (Bord Bia), Enterpraýz Irlandiýa, Tegask-Eştaun azyk harytlary boýunça barlag merkezi we başgalar.

Seminaryň gatnaşyjylary üçin azyk haryt önümçiliginiň dürli ugurlaryna ýöriteleşýän kärhanalaryna we agro hojalyklaryna gezelençler guraldy.

Geçirilen tanyşdyrylyş dabaralary we duşuşyklar Irland hökümetiniň azyk haryt howpsuzlygynyň barlagy ulgamynda işläp taýýarlaýan we durmuşa geçirýän syýasaty barada düşünje almaga, bu ugurdaky öňdebaryjy maksatnamalary bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Olaryň arasynda: «Food Wise 2025», şeýle-de, hökümeti, hususy ulgamy we azyk haryt öndürijileri birleşdirip, milli çäklerde hereket edýän dünýädäki ýeke-täk durnukly maksatnamasy bolan «The Origin Green».

Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň başlygynyň Ýewropa Bileleşiginiň geçiren okuw-tanyşdyryş seminaryna gatnaşmagy, GS1 Turkmenistan tarapyndan türkmen milli haryt öndürijileriň dünýä bazarlaryna çykmagyna ýardam edýän we innowasion ugrundaky ösüşi höweslendirýän halkara standartlarynyň we kadalarynyň milli tejribä ornaşdyrylmagy babatynda alyp barýan giň möçberli işleriniň çäginde uly ähmiýete eýedir.