GS1 Türkmenistan – GS1 in Europe Sebitleýin forumynyň gatnaşyjysy

Oktýabr aýynyň 22 - 25-i aralygynda Lýublýana şäherinde nobatdaky GS1 in Europe Sebitleýin forumy geçirildi.  Sloweniýa respublikasynyň paýtagtynda geçirilen bu çäre 300-den gowrak wekilleri bir ýere jemledi. Bu çärä Milli guramalaryň ýolbaşçylary bilen bir hatarda, GS1 Türkmenistan başlygy Aýkamar Mälikgulyýewa hem gatnaşdy.

Sebitleýin forumyň maksatnamasy saglygy goraýyş, aragatnaşyk we logistika, işläp bejerýän senagat, bikanun söwdasyny yzarlamak we göreşmek, GS1 Cloud, GS1 in Europe jemgyýetiniň marketingi we başga-da ugurlara GS1 standartlarynyň ornaşdyrylmagy boýunça okuw sapaklaryny we seminarlaryny öz içine aldy.

Plenar mejlisleriniň barşynda GS1 in Europe işi şeýle-de, GS1 milli guramalarynyň, innowasiýalaryň we geljekki meýilleriň mümkinçilikleri görkezildi.

GS1-yň Baş Assambleýasynyň ykrar eden Birleşmäniň 2020-nji ýyla çenli strategiki ösüş Maksatnamasyna laýyklykda, foruma gatnaşyjylar wagtyň köp bölegini tehnologiýalaryň çalt depginler bilen ösmegi we sarp edijileriň özlerini alyp baryş modelleriniň üýtgemegi bilen bagly bolan GS1 Ýewropada öz öňünde goýýan täze meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyna sarp etdiler.

Sebidiň milli guramalarynyň wekilleri öz işleriniň esasy ugurlary, anyk ýurtlarda GS1 standartlarynyň ornaşdyrylmagy bilen bagly bolan wajyp meseleleri barada habar berdiler.