Aşgabatda telekeçileriň üstünliklerini ýaýbaňlandyrýan sergisi geçiriler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 11 ýyllygyna bagyşlanan her ýylky ýöriteleşdirilen sergisi 2019-njy ýylyň mart aýynyň 17-18-i aralygynda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.

Sergini guramagyň esasy maksady – ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen harytlaryň önümçiligi bilen baglanyşykly meselelerini şu günki günde üstünlikli çözýän ýerli telekeçiligiň diňe bir ýetilen sepgitlerini ýaýbaňlandyrmak bolup durman, eýsem innowasion kuwwatyny hem şöhlelendirmekdir.

Bu sergide türkmen haryt öndürijileriniň dünýä bazarlaryna işjeň çykmagyna mümkinçilik döredýän, olaryň innowasion ösmegine itergi berýän GS1 Türkmenistan öz stendini görkezer.