Seminar

Bikanun getirilýän harytlaryň öňüni almak boýunça özara hyzmatdaşlygyň maksatlary kesgitlenildi.

Iýun aýynyň 21-ine Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň Biznes merkezinde Türkmenistanyň çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň, Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň we «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň wekilleriniň gatnaşmagynda tanyşdyrylyş seminary geçirildi.

Duşuşygyň esasy (mazmuny) temasy – ýurduň çäginde bikanun harytlaryň getirilmegine garşy göreşmek.

Seminarlaryň çykyşlarynda meseläniň wajyplylygynyň we onuň çözülişiniň ähmiýetiniň milli ykdysadyýetiň we halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki ösüşiniň  mazmunyndaky möhümliligi bellenip geçildi.

Ýygnananlar Türkmenistanyň çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň maksatlary we wezipeleri, ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň tejribesine onuň GS1 standartlarynyň, çyzykly şertli belgilemäniň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly amala aşyrýan işleri bilen tanyşdylar. Esasy üns gümrük gulluklarynyň işinde ulanylýan halkara standartlaryna gönükdirildi. GS1 Halkara guramasynyň Bütindünýä gümrük gullugy bilen bikanun getirilýän harytlara garşy göreşmek ugrunda alyp barýan hyzmatdaşlygyň mazmunynda oňaýly tejribä seredildi.

«Sorag-jogap» görnüşinde geçirilen söhbetdeşligiň barşynda, milli gümrügiň işinde GS1 standartlarynyň ulanylyş usullarynyň we onuň programma üpjünçiliginiň meseleleri jikme-jik maslahatlaşyldy.

Möhüm meseläniň çözülmeginde Gümrük gullugynyň we «GS1 Türkmenistanyň»  özara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetiniň uludygyny belläp, taraplar bu ugurda amaly işiniň başlanmagyna ylalaşdylar.

Tanyşdyryş seminaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylara degişli sertifikatlar gowşuryldy.

Seminara gatnaşyjylaryň alan nazary bilimlerine, iýun aýynyň 22-sine döwlet gümrük gullugynyň terminalynda hünärmenleriniň we «GS1 Türkmenistanyň» wekilleriniň bilelikdäki işiniň barşynda tejribede baha berildi.