Pragada GS1 Ýewropa Sebitleýin forumy geçirildi

Oktýabr aýynyň 30-yndan, noýabr aýynyň 2-si aralygynda Pragada «Corinthia» oteliniň kongress zalynda GS1 Ýewropanyň nobatdaky Sebitleýin forumy geçirildi. Çehiýa Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen çäre 200-den gowrak gatnaşyjylary özünde jemledi. Milli guramalaryň ýolbaşçylarynyň hatarynda bu çärä “GS1 Türkmenistanyň” başlygy Aýkamar Mälikgulyýewa hem  gatnaşdy.

Emele gelen däp boýunça, Forumyň barşynda GS1 Milli guramalaryň ýolbaşçylarynyň we dürli taslamalar boýunça işçi toparlaryň maslahatynyň Mejlisi, soňra bolsa plenar maslahatlary geçirildi. GS1 General Assambleýasynyň ykrar eden 2020-nji ýyla çenli Assosiýasiýanyň strategiki ösüş maksatnamasyna laýyklykda, Forumyň gatnaşyjylary çalt depginler bilen ösýän tehnologiýalaryň we sarp edijileriň özüni alyp baryşlarynyň üýtgeýän modelleriň GS1 Ýewropanyň öňünde goýýan täze meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Plenar maslahatynyň çäginde, GS1-yň Prezidenti we Baş direktory Migel Loperiň GS1 Global Ofisiň sebitde esasy taslamalaryň amala aşyrylmagynyň barşy we bu ugurda geljekki meýilleri baradaky hasabat çykyşy diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, forumyň gatnaşyjylary garaşsyz marketing kompaniýasynyň GS1 Ýewropanyň Milli guramalarynyň işini seljerýän we bahalandyrýan hasabatyny diňlediler.

Sebitiň Milli guramalarynyň wekilleri işiniň esasy ugurlary, GS1 standartlarynyň belli bir ýurtlarda ösdürilmegi bilen baglanyşykly we GS1 Halkara assosiýasiýanyň sebitleýin we global möçberlerde hyzmatdaşlygyň mehanizmlerini ösdürmegiň çäginde möhüm meseleleri barada maglumat berdiler.

 «Bulut» taslamasy ýagny, GEPIR maglumatlar binýadyndan Bulut platformasyna geçilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy, bu ulgamyň artykmaçlyklary we kemçilikleri barada pikir alyşyldy. Guramaçylyk meseleleriň birnäçesine, olaryň içinde GS1 Ýewropanyň dolandyryş bilen baglanyşykly işgärleriniň çalşylmagyna seredildi.

Forumyň işiniň çäginde, GS1 standartlarynyň ulanylyşy we GS1 Ulgamyny dürli pudaklarda ornaşdyrmak boýunça strategiýasynyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly ençeme okuw seminarlary geçirildi.