Türkmen oba-hojalyk önümlerini öndürijileriň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen

Noýabr aýynyň 21-24-i aralygynda  Türkmenistanyň çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň (GS1 Türkmenistan) başlygy Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň wekiliýetiniň düzüminde Russiýa Federasiýanyň paýtagtynda boldy.

Iş saparyň maksady - türkmen oba-hojalyk önümlerini öndürijileriň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda öňdebaryjy tejribe bilen tanyşmak, sertifikatlaşdyrmak we ekspertiza (barlag) ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak.

Moskwa şäherine iş saparynyň barşynda türkmen toparynyň wekilleri АНО «Союзэкспертиза» (СОЭКС) – Russiýa Federasiýasynyň Söwda edarasynyň düzüminde hereket edýän guramasynyň işi bilen tanyş boldular hem-de sertifikatlaşdyrmak boýunça «Союзэкспертиза» edarasy bilen geljekki hyzmatdaşlyk barada maslahatlaşdylar.

TSTB-niň wekiliýeti türkmen oba-hojalyk önümlerini öndürijileriň harytlaryny şol ýurduň çäginde hereket edýän standartlaryny, fitosanitar we gümrük talaplaryny, logistiki we başga meseleleri hasaba almak bilen  Russiýa Federasiýasyna eksport etmegiň şertleri baradaky maglumatlary bilen tanyşdyryldy.

Garaşsyz ekspertiza, gözegçilik, synag we sertifikatlaşdyrmak ulgamynda öňdebaryjy dünýä SGS täze synag merkezi 2017-nji ýylyň aprel aýynda döredildi.

Rosakkreditasiýa ulgamynda ISO 17025 standarty boýunça akkreditirlenen bolmak bilen, hem-de Роспотребнадзор (Russiýa Federasiýasynyň sarp edijiler hukugyny goramak we

ynsan saglygyna gözegçilik etmek gullugynyň) ygtyýarnamasyna eýe bolmak bilen, önümleri mikro-biologiki, fizio-himiki we organoleptiki görkezijileri boýunça giňişleýin öwrenmäge mümkinçilik berýän bu merkez häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan. Bulardan başga-da, bu merkezde çyzykly şertli belgilemegi barlamak tilsimatlaryny öz içine alýan, önümleriň ähli kanunçylyk talaplaryna laýyklylygyny tassyklamak  boýunça işler amala aşyrylýar.

Azyk önümleriniň barlagy boýunça synag merkeziniň işi bilen tanyşmaklyk, Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň (GS1 Türkmenistan) hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň bilelikde alyp barýan işiniň mazmumynda türkmen haryt öndürijileriň tejribesine halkara bazarlaryna çykmaga ýardam berýän hem-de halkara derejesinde  ISO – 17025 standarty boýunça garaşsyz, sertifikatlaşdyrylan we akkreditirlenen azyk laboratoriýalaryň döredilmegine  halkara kadalarynyň we standartlarynyň ornaşdyrylmagy wajypdyr.