TK TM 08-iň iş maksatlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Russiýa Federasiýasynyň paýtagtyna iş saparynyň çäklerinde  TK TM 08 «Awtomatlaşdyrylan anyklaýyş we maglumatlary ýygymy boýunça standartlaşdyrmak» milli tehniki komitetiniň başlygy A.Mälikgulyýewa MTK 517 döwletara tehniki komitetiniň jogapkär kätibi Sergeý Andreýuk bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda TK TM 08-iň Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary ugur boýunça ISO/IEC 15421:2010(E) döwletara standartynyň işlenip düzülmegine degişli tehniki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu iş Türkmenistanyň ýokarda görkezilen standarty işläp düzmek işi 2019-njy ýyl üçin Maksatnamasyna girizmek meýilleşdirilýän MTK 517 «Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary» standartlaşdyrmak boýunça tehniki komitetinde agzalygynyň çäginde meýilleşdirilen.