Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy halkara standartyna laýyklykda sertifikasiýalaşdyryldy

Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy, “GS1 Türkmenistan” halkara ISO 9001:2015 laýyklyk sertifikatyny (hil taýdan dolandyryş standartyny) aldy.

Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy ýurdumuzyň çäginde, jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda ilkinji halkara standartynyň talaplaryna laýyklykda sertifikasiýalaşdyryldy we bu bolsa Milli guramanyň abraýly we ähtibarly hyzmatdaşdygynyň subutnamasydyr.

Sertifikasiýalaşdyrmak ugrunda halkara derejesinde öňdebaryjylygy bilen meşhur, Britaniýanyň abraýly UKAS akkreditirleme gullugy tarapyndan laýyklyk akreditasiýa geçirilen we olaryň auditorlygy bütin dünýäde ykrar edilen, Şwesariýanyň SGS sertifikasiýalaşdyrma edarasy tarapyndan “GS1 Türkmenistan” guramasynyň alyp barýan iş ugry boýunça talap ediji barlagynyň netijesinde, halkara sertifikatyny berildi.

Halkara ISO 9001:2015 standartyny talaba laýyk girizmek, “GS1 Türkmenistan” guramasynyň alyp barýan işini has-da netijeli we aýdyň bolmagyna we halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga mümkinçilik döreder.

Ýurdumyzda Milli syýasatynyň esasy talaplarynyň biri hem, türkmen milli önümleriniň eksport kuwwatyny artdyrmak, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak we halkara standartlaryny girizip, laýyklyk sertifikatlaryny almak bolup durýar.

ISO 9001:2015 “Hil taýdan dolandyryş ulgamy - Talap” standarty halkara derejesinde iň bir giňden ýaýran we hakykatda girizilmeli zerur standartyň biri bolup durýar. Bu standartyň giňden girizilmegi ýurdumyzda türkmen telekeçileriniň halkara derejesinde bäsdeşlige ukyplylygyny we işewürliginiň has netijeliliginiň ýokarlanýandygyny görmek mümkindir.