«GS1 Türkmenistanyň» nobatdaky umumy saýlaw-hasabat ýygnagynyň netijeleri jemlendi!

Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy özüniň dört ýylyň dowamynda alyp baran işiniň netijelerini jemledi.

Mart aýynyň 27-sine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynyň mejlisler otagynda Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň 4 ýylyň dowamyndaky işiniň netijelerine bagyşlanan umumy saýlaw-hasabat ýygnagy geçirildi. Onuň işine Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we onuň ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky şahamçalarynyň, Ykdysadyýet ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, döwlet kärhanalarynyň we hususy önümçilik kompaniýalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Guramanyň tertipnamasyna laýyklykda, her dört ýyldan bir gezek geçirilýän Umumy saýlaw-hasabat ýygnagynyň gün tertibinde Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň başlygynyň we barlag-derňew toparynyň edilen işleriniň hasabatyna, täze dolandyryş düzüminiň we guramanyň başlygynyň saýlanylmagyna, başga-da guramaçylyk meselelerine garaldy.

Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň başlygynyň hasabatynda özüniň baştutanlyk edýän guramasynyň hasabat döwründäki alyp baran işine giňişleýin syn berildi.

Ýygnaga gatnaşyjylaryň ählümumy ses berlişigi esasynda, Aýkamar Mälikgulyýewa şu guramanyň başlyklygyna ikinji möhlete saýlanyldy.

Mundan başga-da, umumy ýygnak oba-hojalyk önüm öndürijileri üçin ýeňillikli agzalyk gatançlary hakyndaky teklibe garady we degişli karary kabul etdi.