Türkmen-özbek işewürlik hyzmatdaşlygyna täze badalga berlen

Aprel aýynyň 24-üne Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň  Özbegistan Respublikasyna döwlet iş saparyna bagyşlanan türkmen-özbek işewürlik forumy geçirildi. «International Hotel Tashkent» myhmanhanasynyň mejlisler otagynda pudaklaýyn edaralaryň we müdirlikleriň, Söwda-senagat edaralarynyň,  ylmy we okuw edaralarynyň, iki ýurduň iri hususy telekeçilik kärhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri duşuşdylar. Işewürlik foruma gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi şeýle-de, Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy öz ygtyýarly wekillerini iberdiler.

Forumyň barşynda, alyp barýan işini şöhlelendirýän maglumatlar bilen Özbegistan Respublikasynyň maýa goýumlar boýunça döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleri çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dolandyryjy agzasy, Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň başlygy Aýkamar Mälikgulyýewanyň çykyşynda döredilmegine 10 ýyl dolan jemgyýetçilik guramasy bolan TSTB-niň alyp barýan işiniň ugurlary we ýetilen sepgitleri, mundan başga-da, halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary giňişleýin beýan edildi. Şeýle hem döwlet strategik maksatnamalaryna we taslamalaryna, ýurduň eksport mümkinçiligini ösdürmek işine Birleşmäniň agzalarynyň işjeň gatnaşýanlygy nygtalyp geçildi.

Özbek telekeçileri bilen giňişleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, şol sanda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek, şeýle-de, bilelikdäki kärhanalary döretmek we iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrylmak işine uly gyzyklanma bildirilýänligi aýdyldy.

Hyzmatdaşlygy giňeltmegiň işjeň guraly hökmünde yzygiderli esasda guralýan – ýarmarkalaryň, maslahatlaryň, forumlaryň, şeýle-de, geçirilen duşuşykda ýolbaşçylar tarapyndan gol çekilmegi esasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Özbegistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasyndaky Ylalaşyk esasynda döredilen Işewürlik maslahatynyň geçirilmegi aýratyn agzalyp geçildi.

Iki ýurduň Işewür toparlarynyň gepleşikleriniň netijesi bolup, umumy bahasy 250 million amerikan dollaryndan geçýän bilelikdäki taslamalary göz öňünde tutýan şertnamalar we ylalaşyklar çykyş edýär.