«G1 Türkmenistan» işiniň üç ýyllygyny belläp geçdi

«G1 Türkmenistanyň» işi, ýurtda GS1 Halkara standartlaryna esaslanýan köp ugurly bütindünýä anyklaýyş ulgamynyň, çyzykly şertli belgilemäniň we elektron kommunikasiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

Geçen üç ýylyň dowamynda gurama tarapyndan global standartlar ulgamyny, çözgütleri we tehnologiýalary wagyz etmek, şeýle hem TK TM 08  «Awtomatlaşdyrylan anyklaýyş we maglumatlar ýygymy boýunça standartlaşdyrmak» tehniki komitetiniň alyp barýan işiniň çäginde täze standartlarynyň işlenip düzülmegi ugrunda uly işler  geçirildi. Werifikasion (barlag) laboratoriýasynyň açylmagy halkara standartlaryna laýyklykda çyzykly şertli belgilemegiň üstünden gözegçiliginiň amala aşyrylmagyna mümkinçilik döretdi, bu hem öz gezeginde harytlaryň Türkmenistanyň çäginden daşary ýurtlara bökdençsiz ugradylmagyna, halkara bazarynda olaryň bäsdeşlige ukyplylygyna ýardam etdi.

Häzirki wagtda «G1 Türkmenistanyň» global standartlarynyň ornaşdyrylmagy şeýle-de, innowasion ösüşe itergi berýän ýokary hilli hyzmatlaryndan döwlet we hususy pudaklaýyn edaralaryň, hususy telekeçileriň ýüzlerçesi peýdalanýar.

Guramanyň üstünliginiň esasy özeni bolup, işiniň yzygiderli  kämilleşdirilmegi bolup durýar.