GS1 näme?

GS1 — bu her ýurduň milli guramalaryndan durýan we bütin dünýäde kompaniýalara önümi harytlaryň iberilýän hatary boýunça daşamak, ýagny ony öndürijiden satyn alyja ýetirmek boýunça global bir ölçege getirilen standartlary we çözgütleri netijeli peýdalanmak arkaly öz telekeçilik işini ynamly alyp barmaga kömek edýän halkara guramasydyr. Häzirki wagtda 112 halkara guramasy, şol sanda «GS1 Türkmenistan» hem onuň agzasy bolup durýarlar.

GS1 bütin dünýä boýunça 2 milliondan gowrak kompaniýa üçin umumy standartlary işläp taýýarlaýar. 150 ýurtda ykdysadyýetiň 25 pudagy GS1 standartlaryny peýdalanýar. Her günde bütin dünýä boýunça 5 milliarddan gowrak çyzykly belgiler skanirlenýär.

Kompaniýalaryň köpüsi ilkibaşda GS1 guramasyna öz önümlerine goýjak çyzykly belgisini almak maksady bilen ýüz tutýarlar. Emma GS1 standartlary harytlaryň iberilýän hatarlarynyň aýdyňlygyny üpjün etmek üçin örän köp mümkinçilikleri berýär. GS1 standartlarynyň häzirkizaman arhitekturasynyň şunuň ýaly görnüşi bardyr:

  • Anyklamak: söwda predmetlerini, ýerleşýän ýerini, ýükleri, aktiwleri/emläkleri, şeýle hem şunuň ýaly obýektler bilen bagly maglumatlary anyklamak üçin standartlar
  • Maglumatlary toplamak: maglumatlary kodlaşdyrmak we olary çyzykly belgiler ýa-da RFID-bellikler ýaly fiziki göterijilere toplamak (ýerleşdirmek) üçin standartlar
  • Maglumatlary alyşmak: taraplaryň arasynda maglumatlary alyşmak üçin standartlar