Siziň üçin

GS1 halkara haryt iberilýän hatarlarynyň (önümçilikden başlap, bölek satuw tapgyryna çenli), saglygy goraýyş ulgamlarynyň we beýleki pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrýan standartlary işläp düzýär. Bu iş çyzykly belgilerde we RFID (radioýygylykly anyklaýyş) belliklerde saklanylýan ýeke-täk belgileriň kömegi we önüm baradaky maglumatlary başarnykly dolandyrmak arkaly amala aşyrylýar.

GS1 ulgamy işewürçilik üçin harytlar, hyzmatlar, ýerleşýän ýerler, emläkler we resminamalar baradaky wajyp maglumatlary ýeke-täk anyklamak (belgilemek), doly açyklamak (okamak) we awtomatiki ýagdaýda paýlaşmak mümkinçiliklerini emele getirýän umumy binýady döredýär.

Biz siziň kärhanaňyz üçin söwda hyzmatdaşlaryňyz bilen maglumatlary alyşanyňyzda aýdyňlygy we ygtybarlylygy üpjün edýäris. Şeýlelikde, siziň işiňiziň we hyzmatlaryňyzyň netijeliligini, çaltlygyny we howpsuzlygyny ýokarlandyrmak arkaly bäsleşige ukyplylygyňyzy artdyrmaga ýardam berýäris.

GS1 standartlary biziň ýaşaýyş we işleýiş usullarymyzy kämilleşdirmäge ýardam berýär.


Gurallar