Agzalyga girmegiň tertibi

“GS1 Türkmenistan” guramasyna girmek üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy döwlet edara-kärhanalar, hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýeti we daýhan hojalyklary üçin:

  • "GS1 Türkmenistan” guramasyna girmek barada arzany (Görnüş №1). doldurmaly. Görnüş №1 nusga laýyklykda, basma haprlar bilen doldurylýar, oňa diňe kärhananyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilýär we möhür basylyp tassyklanýar. Düşnüksiz doldurylan ýa-da doly doldurylmadyk arzalar kabul edilmeýär!
  • Maglumaty doldurmaly (Görnüş №2). Görnüş №2 nusga laýyklykda, basma haprlar bilen doldurylýar, oňa diňe kärhananyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilýär we möhür basylyp tassyklanýar. Düşnüksiz doldurylan ýa-da doly doldurylmadyk maglumatlar kabul edilmeýär!
  • Çyzykly şertli belgini almak üçin önümiň görnüşine degişli bolan "GS1 Türkmenistan”-nyň önüm sanawyny (Görnüş №3). doldurmaly. Görnüş №3 nusga laýyklykda, basma haprlar bilen doldurylýar, oňa diňe kärhananyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilýär we möhür basylyp tassyklanýar. Düşnüksiz doldurylan ýa-da doly doldurylmadyk arzalar kabul edilmeýär!
  • Öndürilýän önümiň diňe kärhananyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen we möhür basylyp tassyklanan sanawyny bermeli.
  • Tertipnamanyň nusgasyny bermeli.
  • Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginden berilýän EGTYDB şahadatnamasynyň we sertifikatynyň nusgasyny bermeli.
  • "Türkmenstandartlary" Baş döwlet gullugy tarapyndan berlen laýyklyk sertifikatyny ýa-da Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan berlen hil sertifikatyny bermeli.
  • Kärhananyň ýolbaşçysynyň pasportynyň nusgasyny bermeli.
  • Giriş we ýyllyk gatançlar barada töleg tabşyryklaryny bermeli. Töleg "GS1 Türkmenistan" guramasynyň hasaplaşyk hasabyna geçirmek bilen amala aşyrylyp bilner. "GS1 Türkmenistan" guramasynda bolnan soňky her 12 aý üçin kärhana ýyllyk agzalyk gatanjyny töleýär.


"GS1 Türkmenistan" guramasyna girmek üçin hususy telekeçiler üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy:

  • "GS1 Türkmenistan” guramasyna girmek barada arzany (Görnüş №1). doldurmaly. Görnüş №1 nusga laýyklykda, basma haprlar bilen doldurylýar, oňa diňe kärhananyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilýär we möhür basylyp tassyklanýar. Düşnüksiz doldurylan ýa-da doly doldurylmadyk arzalar kabul edilmeýär!
  • Maglumaty doldurmaly (Görnüş №2). Görnüş №2 nusga laýyklykda, basma haprlar bilen doldurylýar, oňa diňe kärhananyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilýär we möhür basylyp tassyklanýar. Düşnüksiz doldurylan ýa-da doly doldurylmadyk maglumatlar kabul edilmeýär!
  • Çyzykly şertli belgini almak üçin önümiň görnüşine degişli bolan "GS1 Türkmenistan”-nyň önüm sanawyny (Görnüş №3). doldurmaly. Görnüş №3 nusga laýyklykda, basma haprlar bilen doldurylýar, oňa diňe kärhananyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilýär we möhür basylyp tassyklanýar. Düşnüksiz doldurylan ýa-da doly doldurylmadyk arzalar kabul edilmeýär!
  • Öndürilýän önümiň diňe telekeçi tarapyndan gol çekilen we möhür basylyp tassyklanan sanawyny bermeli.
  • Patentiň nusgasyny bermeli.
  • Bellige alnandygy baradaky şahadatnamanyň nusgasyny bermeli.
  • "Türkmenstandartlary" Baş döwlet gullugy tarapyndan berlen laýyklyk sertifikatyny ýa-da Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan berlen hil sertifikatyny bermeli.
  • Telekeçiniň pasportynyň nusgasyny bermeli.
  • Giriş we ýyllyk gatançlar barada töleg tabşyryklaryny bermeli. Töleg "GS1 Türkmenistan" guramasynyň hasaplaşyk hasabyna geçirmek bilen amala aşyrylyp bilner. "GS1 Türkmenistan" guramasynda bolnan soňky her 12 aý üçin kärhana ýyllyk agzalyk gatanjyny töleýär.

"GS1 Türkmenistan" guramasyna girmek barada arzanyň (Görnüş №1), maglumatyň (Görnüş №2) we çyzykly şertli belgileri almak üçin önümleriň sanaw (Görnüş №3) görnüşlerini, olary doldurmagyň nusgalaryny Siz gönüden-göni "GS1 Türkmenistan" guramasynda alyp ýa-da çap edip bilersiňiz.

Çyzykly şertli belgiler diňe "GS1 Türkmenistan" guramasy tarapyndan Siziň gurama girmek baradaky arzaňyz, maglumatyňyz, çyzykly belgleri almak üçin arzaňyz we ýokarda görkezilen sanawa laýyklykda resminamalar toplumy alnandan soň berilýär.

ÜNS BERIŇ! “GS1 Türkmenistan” guramasyna agza bolan kärhananyň berlen özboluşly anyklaýyş belgilerini beýleki kärhanalara we guramalara bermäge hukugy ýokdur.

Hoş geldiňiz!